Pakistanda alnyp gaçylan harby ofiser, maşgala agzalary azat edildi

28-nji awgustda jeňçiler tarapyndan alnyp gaçylan popolkownik Khalid Amir bilen düşürilen wideodan bir pursat.

31-nji awgustda Pakistanyň harbylary, mundan üç gün ozal jeňçiler tarapyndan alnyp gaçylan dört adamyň, şol sanda armiýa ofiseriniň hem azat edilendigini we häzirki wagtda “sag-salamat öýündediklerini” aýtdy.

Gysga beýanatda, giňişleýin maglumat berilmeýär. Onda zamunlaryň “howpsuz we şertsiz” ýagdaýda azat edilmegi, “ýerli taýpa ýaşulularynyň we sylanýan şahslaryň gatnaşmagynda” mümkin bolandygy bellenilýär.

28-nji awgustda podpolkownik Khalid Amir kakasynyň jynazasyna gatnaşandan soň, metjitleriň biriniň içinde mahaly, jeňçiler tarapyndan alnyp gaçylypdy. Hadysada harbynyň üç maşgala agzasy hem äkidildi. Bu barada ýerli polisiýa habar berdi.

Adamlary alyp gaçmagyň jogapkärçiligini Tehrik-e-Taliban Päkistan toparynyň jeňçileri öz üstüne aldylar.