Tussag edilen pakistan lideri Imran Hanyň tarapdarlary, berk howpsuzlyk çäreleriniň arasynda, onuň türmeden boşadylmagyny talap etmek maksady bilen ýygnanyşdy.
Pakistanyň iň esasy oppozisiýa partiýasy bolan “Tehriki Insaf” 8-nji sentýabrda Yslamabatda, polisiýanyň şähere barýan ýollary petiklemegine garamazdan, ýöriş geçirdi.
Häzirki premýer-ministr Şehbaz Şarifiň iň esasy garşydaşy bolan we 2023-nji ýylyň awgustyndan bäri tussag astynda galýan Han, özüne garşy gozgalan bir topar jenaýat işlerine garamazdan, meşhur şahs bolmagynda galýar.
Ol 2023-nji ýylyň 9-njy maýynda tussag edilenden soňra, onuň tarapdarlary gazaba münüp, ýurt boýunça harby gurnamalary weýran etdiler.
Han zorluga goltgy bermekde aýyplanyp, raýat kazyýetinde jogapkärçilige çekilýär, ol bu aýyplamalary ret edýär.