Özbegistanyň käbir ýokary okuw jaýlarynda 2023-2024-nji okuw ýyly üçin türkmen dili hünäri boýunça onlarça kwota bölünip berildi. Özbek ýokary okuw jaýlarynda türkmen dili hünär ugry boýunça bölünip berlen orunlar Türkmenistanda milli azlyklaryň medeni hukuklarynyň ýagdaýyna üns çekdi. Bu barada garaşsyz turkmen.news neşiri Özbegistanyň bilim portalyna salgylanyp habar berýär.
Garagalpak döwlet uniwersitetinde “Filologiýa, türkmen dili” hünäri boýunça, Nöküsiň döwlet mugallymçylyk institutynda bolsa, “Ene dili we edebiýat: türkmen dili we edebiýaty, türkmen dili” hem-de “başlangyç bilim” hünärleri boýunça degişli kwotalar bölünip berildi.
Özbek ýokary okuw jaýlarynda türkmen dili ugurlary boýunça bakalawr derejesini almak üçin okuwyň gündizki formasynda tölegsiz esasda 17 orun, tölegli esasda 42 orun bölünip berildi.
Şol bir wagtda, Garagalpak döwlet uniwersitetinde magistr derejesini almak üçin, türkmen dili hünärleri boýunça 20 orun açyldy.
2022-2023-nji okuw ýylynda Özbegistanyň ýokary okuw jaýlarynda türkmen dili hünärleri boýunça bakalawr derejesini almak üçin 87 orun, magistr derejesini almak üçin 10 orun bölünip berildi.
Özbegistanyň Statistika baradaky döwlet komitetine görä, Garagalpagystan awtonom respublikasynda 100 müňden gowrak etniki türkmen ýaşaýar.
Degişli maglumat Okyjynyň haty: Türkmenistanda milli azlyklara 'üns berilmeýär'Özbek ýokary okuw jaýlarynda türkmen dili hünärleri boýunça kwotalaryň bölünip berilmegi bu ýurtda ýaşaýan türkmen azlyklarynyň öz ene dillerinde bilim almak mümkinçiliklerine yşarat edýär.
Goňşy ýurtda türkmen dili hünär ugry boýunça hödürlenýän kwotalar Türkmenistanda ýaşaýan etniki azlyklaryň, şol sanda etniki özbekleriň medeni hukuklarynyň ýagdaýyna ünsi çekdi.
Türkmenistanda 1995-nji ýylda geçirilen ilat ýazuwynyň netijelerine görä, ýurduň umumy ilatynyň 9,2 göterimi etniki özbeklerden düzülýär. Türkmen hökümeti ilat ýazuwynyň netijeleri boýunça iň täze maglumatlary köpçülige elýeter etmeýär.
Galyberse-de, Azatlyk Radiosynyň habarçylary bilen gürrüňdeş bolýan etniki azlyklaryň wekilleri Türkmenistanda häkimiýetler tarapyndan ýyllarboýy erjellik bilen öňe sürlen “türkmenleşdirme” syýasaty netijesinde ýurtda ýaşaýan özge milletleriň wekilleriniň, şol sanda etniki özbekleriň käbir medeni hukuklardan mahrum bolandygyny aýdýarlar.
Görnüşinden, milli azlyklara garşy alnyp barlan bilkastlaýyn syýasat, şol sanda raýatlaryň okuw, iş we wezipe mümkinçilikleriniň töweregindäki ýagdaýlar özge milletleriň wekillerini türkmen milli egin-eşigini geýmäge, raýatyň şahsyýetini görkezýän resminamalarda bolsa özleriniň milletini “türkmen” diýip ýazdyrmaga çenli mejbur etdi.
“...Näme üçin Özbegistanda ýaşaýan türkmenler öz milli geýimini ýa-da islendik häzirki zaman eşigini geýip bilýärler, türkmen dilinde okap bilýärler welin, emma bizde [Türkmenistanda] hatda özbek dili we edebiýaty dersi hem ýok” diýip, 2022-nji ýylyň oktýabrynda Azatlyk Radiosynyň redaksiýasyna hat iberen türkmenistanly bir okyjy aýtdy.
Türkmenistanda ýaşaýan azlyklaryň anyk sany barada resmi maglumat ýok. Statistika baradaky döwlet komiteti 2022-nji ýylyň dekabrynda geçirilen uçdantutma ilat ýazuwynyň netijelerini köpçülige äşgär etmeýär. Muňa garamazdan, ýarym-resmi “Orient” neşiri 2010-2020-nji ýyllar aralygynda türkmen ilatynyň köpelip, milleti türkmen bolan raýatlaryň ýurduň umumy ilatynyň 90 göterimini emele getirendigini habar berdi.
Bu aralykda, Azatlyk Radiosynyň habarçylary Türkmenistanda etniki azlyklaryň kowçum bolup ýaşaýan sebitleriniň biri bolan gündogar Lebap welaýatynda Toý mekanlarynda aýdymçylardan türkmen milli aýdym-sazlaryny ýerine ýetirmegiň talap edilýändigini maý aýynda habar berdiler. Toý açylanda ýerine ýetirilýän ilkinji üç aýdymyň hökmany suratda milli aýdym-saz bolmagynyň talap edilendigi mälim boldy.
Degişli maglumat “Türkmenleşdirme” sebäpli milli azlyklaryň obalary boşap galdy”Türkmenistanda garaşsyzlygyň ilkinji ýyllarynda milli azlyklaryň wekilleri, şol sanda etniki özbekler we gazaklar ýurduň käbir mekdeplerinde öz ene dillerinde bilim alyp bilýärdiler. Ýöne 2000-nji ýyllarda şeýle mümkinçilikler aradan aýryldy.
Häzirki wagtda Türkmenistanda rus dilinde bilim berýän Puşkin adyndaky türkmen-rus mekdebi bar. Ýurduň beýleki käbir umumybilim berýän orta mekdeplerinde hem rus dilli klaslar bar. Ýöne üç ýyl töweregi mundan ozal häkimiýetler rus dilli klaslary çäklendirmek tagallalaryna girişip, bir pursat soň, şeýle tagallalar goýbolsun edilipdi.
Türkmenistanda buluç, tatar, rus, ermeni, gazak we özbek ýaly özge milletleriň wekilleri bar. Ýöne, bellenilişi ýaly, olaryň anyk sany belli däl.
Bu aralykda türkmen resmileri ÝHHG-niň Milli azlyklaryň işleri boýunça ýokary komissary bilen geçirýän duşuşyklarynda “jemgyýetiň ähli agzalarynyň hukuklarynyň goraglylygynyň we durmuşa hemmetaraplaýyn ornaşdyrylmagynyň meselelerine aýratyn üns berilýändigini” öňe sürýär.
Ýewropada Howpsuzlyk we Hyzmatdaşlyk Guramasynyň Milli azlyklaryň işi boýunça Ýokary komissary 12-nji iýunda Aşgabada sapar edip, ýokary derejeli türkmen resmileri bilen duşuşdy.
Döwlet media serişdeleri duşuşyklaryň dowamynda milli azlyklaryň işi we olaryň jemgyýet durmuşyna goşulyşmagy bilen baglanyşykly meseleleriň ara alnyp maslahatlaşylandygyny habar berdi.
Gadyrly okyjy, siz Telegram we WhatsApp tilsimleriniň messenjerleri arkaly Azatlyk Radiosy bilen howpsuz ýagdaýda habarlaşyp bilersiňiz. Telefon belgileri: +420 724 168 989 we +420 773 797 383.
Türkmenistanda VPN ulgamlary arkaly işleýär. Siz şu meýl: azathabar@derweze.net we sep arkaly biziň mugt Psiphon3 VPN ulgamymyzy Android ulgamlary üçin ýükläp bilersiňiz. Azatlyk Radiosy siziň şahsyýetiňiziň doly gizlinligini kepillendirýär.