Özbegistanyň howpsuzlyk güýçlerinde "arassalaýyş". Mirziýoýew ýokary derejeli resmileriň birnäçesini wezipesinden boşatdy

64 ýaşly Abdusalom Azizow Şawkat Mirziýoýew häkimiýet başyna geleli bäri wezipesinden boşadylan özbek ýörite gullugynyň üçünji başlygy boldy.

Özbegistanyň Döwlet howpsuzlyk gullugynyň (DHG) başlygy Abdusalom Azizow 23-nji noýabrda wezipesinden boşadylandan soň, täze wezipä bellenmändir. Bu barada prezident Şawkat Mirziýoýewmetbugat sekretary Şerzod Asadow mälim etdi. Şol aralykda, Azatlyk Radiosynyň Özbek gullugynyň çeşmeleri Azizowdan başga-da, hökümetden, DHG-den we Içeri işler ministrliginden, azyndan bäş sany ýokary wezipeleri eýeleýän gulluynyň işinden boşadylandygyny habar berdiler.

DHG-niň ozalky başlygy "işgärler rezerwine” geçirilipdi.

Döwlet baştutanynyň metbugat sekretary Şerzod Asadowyň telegram-kanalynda ýazmagyna görä, general-leýtenant Abdusalom Azizow "Özbegistan Respublikasynyň Prezidentiniň ýolbaşçylygyndaky Howpsuzlyk geňeşiniň ygtyýarlygyna geçirilipdir".

Azatlygyň özbek hökümetindäki çeşmesiniň anyklamagyna görä, bu Azizowyň "işgärler rezerwine" geçirilendigini aňladýar.

Azizow ýurduň DHG başlygy wezipesinden boşadylandan soň, ýerli telegram-kanallaryň birnäçesi, şol sanda bu täsirli edaranyň resmi "XAVFСISZIK" kanaly onuň Özbegistan Prezidentiniň ýanyndaky Howpsuzlyk geňeşine hemişelik işe geçýändigi barada ýazýar.

Döwlet howpsuzlyk gullugynyň başlygynyň wezipesinden boşadylmagynyň resmi sebäbi şindi belli däl.

Käbir çeşmeler özbek ýörite gullugynyň başlygynyň wezipesinden boşadylmagynyň Prezident administrasiýasynyň başlygynyň ozalky orunbasary Komil Allamžonowyň janyna kast etmek synanyşygy bilen bagly bolup biljekdigini habar berdiler. Ol synanyşyk oktýabryň ahyrynda, Daşkent şäheriniň eteginde bolup geçdi.

Özbegistanda geçirilen parlament saýlawlarynyň öňýany ýokary derejeli resminiň münüp barýan ulagyna nätanyş adamlar ok atdylar. Ol hem onuň sürüjisi ýaralandy. Şondan soňra Özbegistanyň häkimiýetleri bu iş bilen bagly birnäçe adamyň tussag edilendigini habar berdiler.

Iş bilen bagly Azatlyk Radiosynyň žurnalistleri öz barlaglarynyň dowamynda, tussag edilenleriň biri Şohruh Ahmedowyň ozal Türkiýäniň häkimiýetleri tarapyndan, çeçen lideri Ramzan Kadyrowyň tankytçysyny öldürmegi planlaşdyrmaga gatnaşmakda aýyplanandygyny mälim etdiler. Ol şübhe bildirilýän Türkiýeden deportasiýa edilenden soň, özbek telekeçisi Jawlon Ýunusowyň sürüjisi bolup işleýärdi. Noýabr aýynyň ortalarynda ol telekeçiniň Günorta Koreýada saklanandygy mälim edildi.

Çeçenistanyň ýolbaşçysy bu wakalara düşündiriş berip, ne özüniň, ne-de Çeçenistandan kimdir biriniň Allamžonowyň janyna kast etmek synanyşygyna gatnaşmandygyny aýtdy.

Adam öldürmek synanyşygyndan soňky "arassalaý"

Çeşmeleriň tassyklamagyna görä, Döwlet howpsuzlyk gullugynyň başlygynyň wezipesinden boşadylmagyndan bir gün öň, hökümetde, DHG-de we Özbegistanyň Içeri işler ministrliginde ýokary wezipeleri eýeleýän ýene-de birnäçe resmi wezipesinden mahrum bolupdyr.

Azatlyk Radiosynyň Özbek gullugynyň çeşmeleri muny prezidentiň gyzy Saida Mirziýoýewanyň kärdeş ýoldaşyna edilen hüjümden soň, Özbegistanyň howpsuzlyk güýçlerinde geçirilen "arassalaýyş" diýýärler.

Wezipelerinden boşadylan ýokary resmileriň sanawy Azatlygyň redaksiýasynyň ygtyýarynda bar, onda bäş adamyň ady geçýär. Çeşmeler bu sanawyň doly däldigini aýdýarlar.

Hususan-da, şu aşakdaky wezipeli adamlar barada gürrüň gidýär:

  • Polkownik Aşurow Aližon GaniýewiçÖzbegistanyň DHG-niň hususy howpsuzlyk bölüminiň başlygy;
  • Sarwar Aşurow Ganiýewiç – premýer-ministriň kömekçisi, kabulhana edarasynyň müdiri, polkownik Aližon Aşurowyň kiçi dogany;
  • Polkownik Taşhojaýew Donýor Bahtiýarowiç – Daşkent şäher Içeri işler Baş edarasynyň başlygynyň birinji orunbasary;
  • Polkownik Adhamow Ahroržon Halimžanowiç – Özbegistanyň Içeri işler ministrliginiň Operatiw gözleg bölüminiň başlygynyň orunbasary, Jenaýat gözleg gullugynyň başlygy;
  • Podpolkownik Timur Sobirow Akromowiç – Daşkent şäher Içeri işleriniň Esasy baş müdirliginiň Operatiw gözleg gullugynyň guramaçylykly jenaýatçylyga garşy göreşmek bölüminiň başlygy.

Çeşmeleriň maglumatyna görä, ýokarda atlary geçen resmileriň bäşisi-de prezident Şawkat Mirziýoýewiň buýrugy boýunça wezipesinden boşadylypdyr, olaryň käbiri "pensiýa ugradylypdyr".

Bu resmiler Prezident administrasiýasynyň başlygynyň orunbasarynyň adam öldürmek synanyşygynyň yzlaryny ýaşyrmaga synanyşandygy we adam öldürmek synanyşygynyň barlanmagyna päsgel berendikleri üçin, Mirziýoýewiň gazabyna düşdüler diýilýär.

Degişli maglumat Köýnek tikmek, gap-gaçlara gül goýmak: Özbegistanyň öňki baş prokurorlarynyň hem Howpsuzlyk gullugynyň başlygynyň türme durmuşy

Ýörite gullugyň ýolbaşçylarynyň wezipeden boşadylmagy

64 ýaşly Abdusalom Azizow Şawkat Mirziýoýew häkimiýet başyna geleli bäri işden boşadylan özbek ýörite gullugynyň üçünji başlygy boldy.

Özbegistanyň Içeri işler ministrliginden ösüp çykan Azizow 2019-njy ýylyň fewralyndan, Döwlet howpsuzlyk gullugyna ýolbaşçylyk etdi.

Ondan öňinçä ýolbaşçy bolan, prokuratura gullugyndan ösüp çykan Ihtiyor Abdullaýew 2019-njy ýylda, Döwlet howpsuzlyk gullugynyň başlygy bolup bir ýyl işländen soň, döwlete hyýanat etmekde aýyplanyp, 18 ýyl türme tussaglygyna höküm edildi.

Özbegistanyň ýörite gulluklarynda iň uzak wagtlap – tas çärýek asyra golaý ýolbaşçylyk eden general Rustam Inoýatow 2018-nji ýylyň başynda wezipesinden boşadylyp, dynç alşa ugradyldy. Ýöne ol şonda-da Özbegistanyň Döwlet howpsuzlyk gullugy syýasatynda, täsirli şahsyýetleriň biri hasaplanýar. Ol Yslam Kerimowyň döwründe, Özbegistanyň güýçli şahsyýetleriniň biri bolupdy.

Inoýatowyň wezipesinden boşadylandygy yglan edilen maslahatyň dowamynda, prezident Mirziýoýew ýörite gulluklaryň öz işini etmelidigini - döwletiň howpsuzlygyny üpjün etmäge işjeň gatnaşmalydygyny aýtdy we bu edarany özgertjekdigine söz berdi.

Emma geçen döwürde Döwlet howpsuzlyk gullugy hiç kime hasabat bermeýän, Özbegistanda iň güýçli we repressiw edara bolmagyny dowam etdirdi.

Gadyrly okyjy, siz Telegram we WhatsApp tilsimleriniň messenjerleri arkaly Azatlyk Radiosy bilen howpsuz ýagdaýda habarlaşyp bilersiňiz. Telefon belgileri: +420 724 168 989 we +420 773 797 383.

Türkmenistanda VPN ulgamlary arkaly işleýär. Siz şu meýl: azathabar@derweze.net we sep arkaly biziň mugt Psiphon3 VPN ulgamymyzy Android ulgamlary üçin ýükläp bilersiňiz. Azatlyk Radiosy siziň şahsyýetiňiziň doly gizlinligini kepillendirýär.