Türkiýäniň Statistika institutyna (TÜIK) görä, 2024-nji ýylyň dowamynda 3509 özbek zenany türk raýatyna durmuşa çykdy.
Bu sanlar bilen özbek aýallary türk erkeklerine durmuşa çykan daşary ýurtly gelinleriň arasynda ikinji boldy. Siriýaly aýallar 3519 nika bilen bu ugurda başy çekýär. Morokka 2424 nika bilen üçünji ýerde, Azerbaýjan 2195 nika bilen dördünji ýerde we Russiýa 1945 nika bilen bäşinji ýerde durýar.
Statistika gullugy türk aýallarynyň daşary ýurtly erkeklere durmuşa çykmagy barada hem käbir sanlary çap etdi. Bu sanlara görä, türk aýallary 2024-nji ýylyň dowamynda baglaşylan jemi 1222 nika bilen iň köp siriýaly erkeklere, ikinji orunda 1156 nika bilen germaniýaly erkeklere, üçünji orunda bolsa 338 nika bilen owgan erkeklerine durmuşa çykypdyrlar.
Ekspertler soňky ýyllarda özbek aýallarynyň türk raýatlaryna durmuşa çykmak meýillerindäki artyşy, Özbegistandaky durmuş-ykdysady kynçylyklar bilen baglanyşdyrýarlar.