Özbegistanda adyýaman jenaýat ketdesi uzak möhletleýin tussaglyga höküm edildi

Saidaziz Saidaliýew (Saidaziz Medgorodok) kazyýet diňlenişiginde. Daşkent. Iýun

Özbegistanda jenaýat ýolbaşçylaryna garşy alnyp barylýan çäreleriň arasynda, 5-nji awgustda Daşkendiň sudy ýakasy gaýyşly özbek jenaýat ketdesi Saidaziz Saidaliýewi (Saidaziz Medgorodok) talaňçylykda, jenaýat toparyny döretmekde, bikanun neşe gaçakçylygynda, hapa pullary ýuwmakda we huligançylykda günäli tapyp, 20 ýyl türme tussaglygyna höküm etdi.

36 ýaşly Saidaliýew geçen ýylyň noýabrynda, beýleki ýakasy gaýyşly jenaýat ketdeleri, şol sanda Bahtiýor Kudratullaýew, Bahodir Sultonow, Lutfulla Umarow we Salim Abduwaliýew dagylar bilen bile saklanypdy. Olaryň käbirinde “kanuny ogry” diýen derejesi hem bardy.

Soňky aýlaryň dowamynda olaryň ählisi, meňzeş aýyplamalar esasynda, türme tussaglygyna höküm edildi.