Özbegistanda rus dili sapagynda okuwçyny uran mugallyma jerime salyndy

Özbegistanyň paýtagty Daşkdent (arhiw suraty)

Özbegistanyň mekdepleriniň birinde, okuwçynyň rus dili sapagynyň dowamynda mugallymadan näme sebäpden rusça gürlemeýändigini soranyndan soň, mugallymanyň altynjy synp bu okuwçyny ýenjendigi üçin, oňa 6.8 million som ($534) möçberinde jerime salyndy.

Daşkendiň mekdepleriniň birinde bolan bu hadysa baradaky wideo internetde giňden paýlaşyldy. Munuň netijesinde, bu wakanyň bolan mekdebiniň müdiri wezipesinden boşadyldy.

25-nji sentýabrda Russiýanyň Daşary işler ministrliginiň metbugat wekili Mariýa Zaharowa Russiýanyň bu hadysa boýunça Özbegistandan resmi düşündiriş sorandygyny aýtdy.

Muňa jogap edip, Özbegistanyň parlamentiniň başlygynyň orunbasary Alişer Kodirow, Russiýanyň Özbegistanyň içerki işlerine gatyşmagynyň deregine, öz meselelerine üns bermelidigini aýtdy.