Özbegistan “Wagner” hakyna tutma toparyna goşulan raýatyna höküm çykardy

Ukrainanyň gündogaryndaky Bahmut şäherinde duran "Wagner" hakyna tutma söweşijisi (arhiw suraty)

Özbegistanyň sudy 26 ýaşly bir raýatyny hakyna tutma söweşi bolmakda günäli tapdy. Şawkat Ýuldaşew Russiýanyň türmesinden “Wagner” hakyna tutma toparynyň hataryna goşulyp, ol ýerde alty aý geçirip, Özbegistana dolanandan soň, jogapkärçilige çekildi.

Migrant.uz websaýtynyň 9-njy iýulda çap eden maglumatyna görä, Ohangaron şäheri sudy Ýuldaşewa şertli ýagdaý görnüşli 30 aýlyk höküm çykarypdyr. Onuň dowamynda Ýuldaşewiň aýlygynyň 20%-i ýurduň gaznasyna geçiriler.

Özbegistanyň we Merkezi Aziýanyň beýleki ýurtlarynyň häkimiýetleri, Russiýadaky raýatlaryna hakyna tutma söweşijileriň hataryna goşulmagyň öz ýurtlarynda jenaýat hasaplanýandygy barada duýdurdylar.