Özbegistan terrorçylykda aýyplanan 11 adama ýyl kesdi

Özbegistanyň Döwlet howpsuzlyk gullugy Kokon şäherindäki kazyýetiň 7-nji noýabrda 11 adama 6 ýyldan 12 ýyla çenli tussaglyk hökümlerini çykarandygyny, olaryň terrorçylyga degişli jenaýatlarda aýyplanandygyny habar berdi.

Olar terrorçylygy maliýeleşdirmek, konstitusiýa ulgamyny üýtgetmek barada dil düwüşmek we jemgyýetçilik howpsuzlygyna wehim salýan materiallary saklamak ýaly aýyplamalar esasynda günäli tapyldy.

Bu adamlaryň 2021-nji ýyldan 2023-nji ýyla çenli aralykda ýerli çaýhanalarda, "Şenbe nahary" diýlip atlandyrylýan jemgyýetçilik çärelerine duwlanyp, ekstremist ideologiýalary wagyz edendigi aýdylýar.

Aýdylmagyna görä, olar jihad we Yslam döwletini döretmek meselesini ara alyp maslahatlaşypdyr.

Bu jenaýat işi hökümetiň dini ekstremizme, hususan-da etniki taýdan dürli-dürli we taryhy taýdan durnuksyz Fergana jülgesinde ýerleşýän Kokondaky ekstrmizme garşy göreşmek üçin edýän tagallalarynyň bir bölegi bolup durýar.

Bu sebit içerki we transmilli yslamçy toparlaryň gyzgyn nokady bolup, ýerli durnuksyzlygyň we ekstremistik ideologiýalaryň ýaýramagy baradaky aladalary güýçlendirdi.