Ozalky gazak ministri 2022-nji ýyldaky ganly tolgunşyk bilen bagly şertli tussaglyga höküm edildi

Gazagystanyň ozalky içeri işler ministri Erlan Turghymbaýew (arhiw suraty)

8-nji awgustda Astananyň sudy Gazagystanyň ozalky içeri işler ministri Erlan Turghymbaýewi şertli ýagdaýda 5.5 ýyl tussaglyga höküm etdi.

Turghymbaýew 2022-nji ýyldaky tutuş ýurt boýunça geçirilen hökümete garşy demonstrasiýalaryň dowamynda häkimiýetden hyýanatçylykly peýdalanmakda günäsini boýun aldy. Şol protestlerde polisiýanyň we howpsuzlyk güýçleriniň demonstrantlara garşy ot açmagy netijesinde azyndan 238 adam heläk boldy.

Sud Turghymbaýewiň 10 ýylyň dowamynda jemgyýetçilik edaralarynda işlemegine hem gadaganlyk girizdi.

2022-nji ýylyň ýanwaryndaky ganly protestlerden soň bu Merkezi Aziýa döwletiniň ençeme ýokary derejeli resmileri uzak möhletleýin türme tussaglygyna höküm edildi.