Owganystandaky ýer sarsgynlarynda aman galanlary halas ediş işleri dowam edýär, pidalaryň sany artýar

Bir erkek adam Herat welaýatynyň Zindah Jan etrabynyň Sarbuland obasynda bolan ýer yranmasynda heläk bolan çagasynyň jansyz bedenini göterip barýar. 8-nji oktýabr. 

Ýardam işgärleri Günbatar Owganystanda azyndan iki müň adamy heläklän güýçli ýer yranmalaryndan soň, sarsgynda zeper ýeten käbir sebitlere bardylar we, halas ediş işleri dowam edýän mahaly, zyýan çekenlere gyssagly iýmit önümlerini paýlap başladylar. 

Owganlar Zindah Janda ýer titremesiniň pidalaryny gözleýär. 

Birleşen Milletler Guramasynyň Bütindünýä azyk maksatnamasynyň metbugat wekili Wahid Amani Azatlyk Radiosyna Herat welaýatynda häzire çenli birnäçe ýüz adama gyssagly ýardamlaryň elitlip berlendigini aýtdy. 

"Biz 20 müň çemesi adama gyssagly iýmit ýardamyny eltip bermäge taýýar" diýip, Amani aýtdy we BMG-niň azyk agentliginiň bu sanlary 70 müň adama ýetirmäge taýýardygyny aýtdy. 

Bir adam gözleg we halas ediş işler dowam edýän mahaly aglaýar. 

Ýas tutýan adamlar jynaza çäreleriniň yz ýany dogan-garyndaşlarynyň mazarlarynyň gapdalynda otyr.

Bütindünýä saglyk maksatnamasy bilen bir hatarda Bütindünýä Saglyk Guramasynyň toparlary hem Herat welaýatynyň sarsgynda zyýan çeken ýerlerine bardy. BSG-niň işgärleri eýýäm meýdançada we heniz hem harabaçylygyň aşagynda galan adamlary halas etmäge we bejergi bermäge ýardam berýärler diýip, guramanyň owgan bölümi Azatlyk Radiosyna aýtdy. 

Owganlar ýer titremesiniň pidalary üçin gabyr gazýarlar. 

BSG sarsgynda 11 müňden gowrak adama täsir ýetendigini aýtdy. 

Owganlar Zindah Janda bir gabrystanda ýer titremesinde heläk bolan dogan-garyndaşlaryna dileg edýärler. 

Daglyk sebite barmak kyn we ýerli resmiler sebitde bolan ýer sarsgynlarynyň adam pidalary boýunça çapraz sanlary aýdýarlar. "Talyban" ýolbaşçylygyndaky hökümetiň bir agzasy 8-nji oktýabrda adam pidalarynyň 2 müňden aşandygyny aýtdy. 

Owganystanly ýaş ýigit elinde pişik bilen weýran bolan öýüniň howlusynda.

"Talybanyň" Adatdan daşary ýagdaýlar ministrliginiň metbugat sekretary Molla Janan Saýik metbugat ýygnagynda 2440 adamyň ölendigini, 10 müň çemesi adamyň ýaralanandygyny we 2000-den gowrak öýe zepet ýetendigini ýa-da ýumrulandygyny aýtdy. Owganystanyň Adatdan daşary ýagdaýlar agentligi 8-nji oktýabrda 2053 adamyň heläk bolandygyny aýtdy. Bu sanlaryň hiç haýsyny garaşsyz ýagdaýda tassyklap bolmaýar. 

Owganlar pidalary gözleýär. 

Bir adam sarsgynyň ýaşaýş jaýyna ýetiren zyýanyny barlaýar. 

Ýer yranmasynyň merkezi Heradyň 40 kilometr töweregi demirgazyk-günbatar sebiti bolup, şäherde we onuň töwereginde 700 müň adam ýaşaýar. Bu ýertitremeden soň, başga-da, azyndan üç sany iri yrgyldy boldy.

Owgan ýaşaýjylary ýer titremesinde ýumrulan jaýlarynyň harabaçylygynda pidalary gözlemek işlerini dowam etdirip, galyndylary arassalaýarlar. 

 

Yzly-yzyna bolan ýer titremelerde zeper ýeten öýden bir pursat. 

Owgan aýallary ýer sarsgynlarynda heläk bolan dogan-garyndaşlarynyň ýasyny tutýar. 

Adamlar garaňky gatlyşyp barýarka gözleg işlerini dowam etdirýärler. 

ABŞ-nyň Geologiýa gözleg gullugy sarsgynlaryň iň ulusyny 6,3 magnitýutda hasaba aldy, şolardan iň soňky sarsgyn 70 müň çemesi ilatly Zindah Jan şäheriniň 30 kilometr töweregi demirgazyk-gündogarynda boldy.

Bir owganystanly iňrik garalyp barýarka pidalary gözleýär. 

Adatdan daşary ýagdaýlar edarasynyň metbugat sekretary Mohammad Abdullah Jan Herat welaýatynyň Zindah Jan etrabynda hususan-da dört obanyň sarsgynlardan agyr ýitgi çekendigini aýtdy.

Halkara ýardam guramalary Günbatar Owganystanda bolan ýer titremeleriniň pidalaryna ýardam ýetirşdirmäge çalyşýar, sebitde yzly-yzyna bolup geçen ýer sarsgynlary weýrançylyk getirdi. Ýurduň iň pajygaly tebigy heläkçilikleriniň birinde 2 müňden gowrak adamyň heläk bolandygy habar berilýär.