'Owganlaryň durmuş şertleri we azatlyklary 'Talyban' astynda üç ýyl bäri ýaramazlaşýar' (2-nji bölüm)

Owganystanyň harby tehnikalary "Talyban" toparynyň häkimiýet başyna geçmeginiň üç ýyllygyna bagyşlanan harby ýörişden geçirilýär. 14-nji awgust, 2024 ý. Kandahar. Owganystan

'Talyban' toparynyň Kabulda häkimiýeti ele geçirmeginden soňra aradan geçen üç ýylyň dowamynda owgan halkynyň, şol sanda bu ýurtda ýaşaýan etniki türkmenleriň durmuşy nähili özgerdi? Bu sorag boýunça taýýarlanan gepleşikler tapgyrynyň ikinji bölümini dykgatyňyza hödürleýäris.

Dünýä Türkmenleri programmamyzyň geçen sany Türkmenistanyň günorta-gündogar goňşusy Owganystanda “Talyban” toparynyň Kabulda häkimiýeti ele geçirmeginiň üçünji ýyl dönüminden, owgan halkynyň, şol sanda Demirgazyk Owganystanda ýaşaýan etniki türkmenleriň durmuş hal-ýagdaýyndan söhbet açdy.

Biz bu tema boýunça gepleşikler tapgyrynyň ikinji bölümi bilen dowam edýäris. Gepleşigimize ABŞ-da ýaşaýan owganystanly türkmen žurnalisti Şamerdanguly Myrady gatnaşýar.

Geçen hepdede Owganystandaky durmuş-ykdysady şertler, “Talyban” ýolbaşçylygyndaky owgan hökümeti bilen Türkmenistanyň hökümetiniň arasyndaky gatnaşyklar, bu gatnaşyklaryň etniki türkmenleriň durmuşyna ýetirýän täsirleri barada gürrüň etdik.

Programmamyzyň ikinji bölüminde “Talyban” dolandyryjylarynyň dünýäniň iri döwletleri, galyberse-de Merkezi Aziýa ýurtlary bilen arada ýola goýmaga çalyşýan gatnaşyklary, şeýle-de, Owganystandaky howpsuzlyk şertleri we “Talyban” toparynyň adam hukuklaryna, şol sanda aýal-gyzlaryň hukuklaryna, söz we metbugat azatlygyna çemeleşmeleri dogrusynda söhbet açýarys.

Siziň brauzeriňiz HTML5 formatyny goldamaýar

DT: Owganlaryň durmuş şertleri we azatlyklary 'Talyban' astynda üç ýyl bäri ýaramazlaşýar (2-nji bölüm)