Orbanyň Kiýewden soň Moskwa sapary ÝB resmileriniň ýazgarmagyna sebäp boldy

Wengriýanyň premýer-ministri Wiktor Orban (çepde) we Russiýanyň prezidenti Wladimir Putin (arhiw suraty)

Wengriýanyň premýer-ministri Wiktor Orban 5-nji iýulda Russiýanyň prezidenti Wladimir Putin bilen duşuşmak üçin Moskwa barýar diýip, Wengriýanyň hökümet çeşmesi Azatlyk Radiosyna aýtdy.

Bu onuň Kiýewde Ukrainanyň prezidenti Wolodymyr Zelenskiý bilen duşuşmagynyň birnäçe gün yzýanyna gabat gelýär.

Daşary işler ministri Piter Szijjarto hem Orbanyň ýany bilen Kremle barar diýip, hökümet çeşmesi 4-nji iýulda aýtdy. Szijjarto iki ýyl gowrak mundan ozal Orsýetiň Ukraina garşy urşy başlaly bäri Moskwa azynda bäş gezek sapar edipdir.

Moskwa sapary baradaky habar Wengriýanyň Ýewropa Bileleşiginiň çalyşýan prezidentligini alanyndan birnäçe gün soň peýda boldy we Orbanyň Russiýanyň tarapynda yzygiderli çykyşlary sebäpli bileleşigiň arasynda alada döredip, blogyň ýolbaşçylarynyň ýazgarmagyna getirdi.

Ýewropa Geňeşiniň prezidenti Çarlz Mişel X-da çap eden maglumatynda “ÝB-niň çalyşýan prezidentiniň Russia bilen ÝB-nyň adyndan işleşmek borjy ýok" diýdi.

Ýewropa Bileleşiginiň adynyň agzalmazlygyny soran resmisi Orbanyň Moskwa meýilleşdirýän sapary barada bileleşige habar bermändigini aýtdy.