Türkmenistanyň Halk maslahatynyň başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow Aşgabadyň Türkiýä we Ýewropa gaz ibermek mümkinçiliklerini mälim etdi diýip "Türkmenportal" "Коммерсантъ” neşirine salgylanyp, anyklaşdyrman habar berdi.
Berdimuhamedowyň sözlerine görä, “Galkynyş” känindäki gazyň gory 27 trillion kub metre deň bolup, türkmen gazyny Hazar deňziniň ýa-da Azerbaýjanyň, Eýranyň üsti bilen Türkiýä we Ýewropa iberip bolar.
Resmi habara görä, Türkmenistan Russiýadan, Eýrandan we Katardan soň, gaz gorlary boýunça dünýäde dördünji orny eýeleýär.
Şeýle-de, Türkmenistan Hazar we Gara deňizleriniň üstünden geçýän, Ýewropa, Ýakyn Gündogar, Aziýa — Ýuwaş umman sebitlerini bir bitewi ulag ulgamyna birleşdirýän Ýewraziýa multimodal üstaşyr ulag taslamalaryny durmuşa geçirmegiň üstünde işleýär diýip, türkmen metbugaty Berdimuhamedowyň üçünji Antalýa diplomatiýa forumynda aýdan sözlerine salgylanyp ýazýar.