Gazagystanda öz aýalyny gynamakda we öldürmekde aýyplanýan öňki bir ministr, 11-nji martda başlanan ýokary derejeli deslapky sud diňlenişiginde özüniň günäsizdigini aýtdy. Ol noýabrda tussag astyna alnypdy.
Prokurorlar ozalky ykdysadyýet ministri Kuandyk Bişimbaýewi geçen noýabrda öz garyndaşlarynyň eýeçiligindäki bir restoranyň içinde, aýaly Saltanat Nukenowany ençeme sagatlap zalymlarça ýençmekde aýypladylar.
31 ýaşly Nukenowa urgular sebäpli soňundan jan berdi.
Bişimbaýewiň günäsi subut edilse, oňa 20 ýyla çenli türme tussaglygy berlip bilner.
Onuň aklawçylary müşderisine bildirilýän aýyplamany “tötänlikden adam öldürmek” bilen çalşyrylmagyny soradylar.
Bu iş, Gazagystanda maşgaladaky zorluklar baradaky nägilelikleriň has artýan döwründe, jemgyýetçiligiň uly ünsüni çekdi. Gazagystanda her alty zenanyň biri, erkek ýoldaşlary tarapyndan fiziki sütemlere duçar edilýär.
80 töweregi žurnaliste sud diňlenişigine wideo-aragatnaşyk arkaly tomaşa etmäge rugsat berildi.