Şu ýylyň ýanwar-oktýabr aýlarynda Özbegistana täjirçilik we söwda maksady bilen baran daşary ýurtlularyň üçden iki bölegi türkmenistanlylar boldy diýip, “Türkmenportal” Özbegistanyň prezidentiniň ýanyndaky Statistika agentligine salgylanyp habar berdi.
Resmi maglumata görä, bu döwürde Özbegistana 133,1 müň daşary ýurtly, täjirçilik we söwda maksatlary bilen, sapara barypdyr.
Bu ýurda sapar edenleriň 66,7 göterimi (88,9 müň adam) Türkmenistanyň raýatlarynyň paýyna düşýär.
Hökümetçi neşir goňşy ýurda täjirçilik we söwda maksatlary bilen barýan raýatlaryň sany boýunça Türkmenistanyň birinji orny eýeländigini belleýär.
Bu sanawda ilkinji bäşlikden orun alan ýurtlar Täjigistan (34,2 müň), Owganystan (2,6 müň), Türkiýe (1,1 müň) we Hytaý (1,08 müň) diýlip görkezilýär.