Olimpiýa oýunlarynyň üçünji gününde iki türkmen türgeni bäsleşýär

Olimpiýa oýunlarynda Türkmenistana alty türgen wekilçilik edýär. Suratda dzýudoçylar Maýsa Pardaýewa (öňki hatarda çepde) we Serdar Rahymow

28-nji iýulda Pariždäki Olimpiýa oýunlarynyň ikinji gününde täze rekordlar goýuldy, umyt bildirilen türgenler ýeňildi, şeýle-de çäräniň gurnaýjylary açylyş dabarasynyň dowamynda “Soňky Agşamlyk Nahary” suratyny kemsitmek niýetleriniň bolmandygyny aýtdylar.

28-nji iýulda türkmenistanly türgen Serdar Rahymow dzýudo boýunça erkekleriň arasynda 66 kg agram derejesinde geçirilen bäsleşigiň 31-nji tapgyrynda angolaly türgen Admilson Pedrodan üstün çykdy. Emma bäsleşigiň 16-njy tapgyrynda braziliýaly Willian Limadan ýeňildi we munuň bilen oýunlardaky çykyşyny tamamlady.

29-njy iýulda türkmenistanly dzýudoçy Maýsa Pardaýewa 57 kg agram derejesindäki ilkinji duşuşygynda, hytaýly Saý Sinden üstün çykdy we bäsleşigiň 1/8 tapgyryna çykdy. Emma nobatdaky duşuşykda braziliýaly dzýudoçy Rafaela Silwadan ýeňildi.

Şeýle-de, 29-njy iýulda Aýnura Primowa 100 metr aralyga çenli arkada ýüzmek boýunça bäsleşer. 36 türgeniň gatnaşýan bu ýaryşy üç tapgyrda geçiriler. Deslapky tapgyrda iň gowy netije görkezen 16 türgen ýarym-finala geçer. Soňy bilen, iň gowy netijeli sekiz türgen final tapgyrynda çykyş eder.

Olimpiýa oýunlarynda Türkmenistana jemi hasapda alty türgen wekilçilik edýär.

28-nji iýulda özbegistanly dzýudoçy Diýora Keldiýorowa 52 kg agram derejesinde çykyş edip, bu ýylky oýunlarda öz ýurduna ilkinji altyn medaly getirdi.