2023-nji ýylda Türkmenistandan Russiýa gelen syýahatçylaryň sany 9.5 esse artdy – rus mediasy

Türkmenistanda ykdysady ýagdaýlaryň ýaramazlaşmagy bilen, barha köp türkmenistanly gowy durmuş gözleginde, şol sanda Russiýa gidip başlady.

2023-nji ýylda Türkmenistandan Russiýa gelýänleriň sany ondan öňki ýyl bilen deňeşdirilende, 9.5 esse artdy. Bu barada RBK gullugy, Russiýanyň Federal Howpsuzlyk Gullugyna salgylanyp habar berýär.

Maglumata görä, geçen ýyl Russiýa syýahatçylyk maksatlar bilen, Türkmenistanyň 34.7 müň raýaty gelipdir, 2022-nji ýylda bu görkeziji 3.6 müň adama deňdi.

Şol bir wagtda, Russiýanyň syýahatçylyk agentlikleriniň asossasiýasynyň (ATOR) belleýşi ýaly, resmi ýagdaýda syýahatçylyk diýip gelen daşary ýurtlylaryň ählisi, Russiýa anyk şu ýa-da dynç alyşyň beýleki maksady üçin gelmändirler”.

Türkmenistanda ykdysady ýagdaýlaryň ýaramazlaşmagy we Türkiýä wizasyz syýahat düzgüniniň ýatyrylmagy bilen, barha köp türkmenistanly gowy durmuş gözleginde, şol sanda Russiýa gidip başlady.

Şol bir wagtda, Türkmenistan Russiýa gelen daşary ýurtlularyň sany boýunça birinji onluga hem düşmedi. Birinji dört orunda Merkezi Aziýanyň beýleki döwletleri, ýagny degişlilikde Gazagystan, Özbegistan, Täjigistan we Gyrgyzystan gelýär.