2024-nji ýylda Orsýet tarapyndan basylyp alnan ukrain şäherleri we obalary

Russiýa 2024-nji ýylyň oktýabrynda Ukrainanyň Donetsk sebitinde Wuhledary basyp aldy. Şäher üçin söweşler iki ýyl dowam etdi. Indi ol ýerde diňe harabaçylyk galdy. Bu suratda 2023-nji ýylyň sentýabryndaky Wuhledar şäherindäki weýran edilen ýaşaýyş jaýlary görkezilýär.

Donetsk oblastynyň Awdiýewka şäherindäki weýran edilen ýaşaýyş jaý, 2023-nji ýylyň noýabry. Şäher ugrundaky söweş 2024-nji ýylyň fewral aýynda tamamlandy. Awdiýewkada ýekeje-de abat jaý galmady. Ukrain serkerdesiniň aýtmagyna görä, şäheri basyp almak Russiýa agyr düşdi, söweşde 47 müň rus esgeri ýogaldy. Moskwa öz goşunynyň her bir söweşde we tutuş uruşda ýitgileri barada, açyk maglumat bermeýär.

Ukrain esgeri Awdiýewka şäherinde "Awdiýewka – men seni söýýärin" diýen demir ýazgyly meýdançada, 2023-nji ýylyň noýabry. Şol gezek Azatlyk Radiosynyň Ukrain gullugynyň fotožurnalisti Serhiý Nužnenko bu şäherde soňky gezek boldy. Russiýanyň goşuny Awdiýewkany 2024-nji ýylyň fewral aýynda basyp aldy. Şäher üçin söweşler bäş aýdan gowrak dowam etdi.

2023-nji ýylyň maý aýynda Wuhledar şäheriniň golaýyndaky Preçistiwka obasynda oka tutulan jaý. Rus goşuny bu obany 2024-nji ýylyň sentýabrynda eýeledi.

"Ruslar, gutlaýarys, siz dowzahda" diýen ýazgy Ukrainanyň Donetsk oblastynyň Nýu-Ýork obasynda, 2022-nji ýylyň apreli. Russiýa 2024-nji ýylyň awgustynda Nýu-Ýorky basyp alandygyny yglan etdi. Emma ukrain goşuny oba ugrundaky söweşleriň sentýabr aýynda hem dowam edýändigini habar berdi. DeepState maglumatyna görä, Russiýa Nýu-Ýorky oktýabr aýynda öz kontrollygyna aldy.

Donetsk oblasty, 2023-nji ýylyň iýuny. Ukrainanyň goşuny 2023-nji ýylyň tomsunda bolan garşylykly hüjümde, Blagodatnoýe obasyny azat etdi. Şonda Nužnenko şu suraty düşüripdi. 2024-nji ýylyň dekabrynda Blagodatnoýe ýene-de ruslaryň gol astyna düşdi.

Ukrainanyň Donetsk oblastynyň Pokrowsk şäheriniň golaýynda ýerleşýän Selidowa şäherindäki köçe, 2024-nji ýylyň 9-njy oktýabry. Selidowa oktýabr aýynyň 31-de basylyp alyndy.

Donetsk sebitiniň Terny obasynyň ýaşaýjysy tamynyň golaýynda, 2023-nji ýylyň marty. Oba ugrundaky söweş 2023-nji ýylyň ýanwar aýynda başlanyp, şu ýylyň başynda ol doly eýelendi.

Wuhledarda ýerde ýatan tigir. Köp gatly jaýlary bolan bu kiçijik şäher baýyrlykda ýerleşýär. Bu şäher ukrain goşunyna söweşlerde amatly bolup, hüjümleri yza serpikdirmäge mümkinçilik berdi.

DeepState kartasyna görä, Ukrainanyň Donetsk oblastyndaky Çasiw Ýar şäheri rus goşunlary tarapyndan bölekleýin basylyp alnypdyr. Suratda Kanal mähellesi görkezilýär. Ony Orsýet 2024-nji ýylyň iýul aýynda eýeledi. Şäher ugrunda söweş 2023-nji ýylyň maýynda Bahmutyň basyp almagyndan soň başlandy we häzire çenli-de dowam edýär.

Awdiýewkany eýeläninden soň, rus goşunlary has-da öňe gitdiler. Bu surat 2023-nji ýylyň noýabr aýynda Awdiýewka bilen Berdiçi obasynyň arasyndaky ýolda düşürildi. 2024-nji ýylyň aprel aýynda Ukraina Berdiçiniň rus goşuny tarapyndan alnandygyny tassyklady.

Ukrainanyň Donetsk oblastynyň Kurahowa etraby, maý, 2024. Şol döwürde ol ýerde ýaz-meýdan işleri dowam edipdi. Bu ýerler 2024-nji ýylyň noýabrynda, onuň dolandyryş merkezi bolan Kurahowa şäheri 2025-nji ýylyň ýanwarynda basylyp alyndy.

Rita pişigi bilen Awdiýewkada. Olaryň ykbaly belli däl. Basylyp alnan wagtynda Awdiýewka şäherinde 900-e golaý parahat ilat bardy. Adamlar ýerzeminde ýaşap, ynsanperwer kömegi bilen gün görýärdiler. Uruşdan öň Awdiýewkada 30 müňe golaý adam ýaşapdyr.
 

Donetsk oblastynyň Wozdwiženka obasy ugrunda söweş 2024-nji ýylyň iýul aýynda başlandy. Ondan biraz öň, 2024-nji ýylyň maýynda Serhiý Nužnenko Wozdwiženka oba hojalyk kärhanasynyň bombalanyşynyň netijelerini surata düşürdi. Ýanwar aýyndan bäri Wozdwiženka garşy güýçleriň elinde.

Konstantinowka obasynyň topragy. Bu surat düşürilenden dört aý geçensoň, 2024-nji ýylyň sentýabrynda basylyp alyndy.

Donetsk oblastynyň Nowogrodiwka şäheriniň ýaşaýjysyny göçürýärler, 2024-nji ýylyň awgusty. Şondan 20 günden soň şäheri rus goşunlary basyp aldy. Sag tarapdaky adam Täze Zelandiýadan meýletin gulluk edýän Ouen. Öňki harby medisina gullukçysy adamlary halas etmek işine kömek etmek üçin Ukraina geldi.