"Nireden güýç alýaryn? Ony gutarmazlyga çalyşýan”. Azatlyk Radiosynyň žurnalisti Alsu Kurmaşewa 100 gün bäri tussaglykda

Alsu Kurmaşewa Kazan kazyýetinde. 2023-nji ýyl.

25-nji ýanwarda Azatlyk Radiosynyň Tatar-Başgyrt gullugynyň žurnalisti Alsu Kurmaşewanyň tussaglykda oturanyna 100 gün boldy. Idel.Realii onuň ýazan hatlary esasynda, baýramçylyklardan öň we 2024-nji ýylyň ilkinji günlerinde, Kazanyň wagtlaýyn tussaglyk merkezinde geçiren günleri barada gürrüň berýär.

"Özüňiz we başgalar üçin gapylary açyň, mundan gorkmaň"

– Şu gün dogry üç aý boldy. Ähli zat üýtgedi. Men üýtgedim, siz üýtgediňiz, biziň hatlaryň üýtgedi. Uzak arakesmeden soň, siziň baýramçylyklarda ýazan hatlaryňyzyň onlarçasyny aldym. Olar şeýle bir oýlanyşykly, siz maňa öz howatyr edýän zatlaryňyzy ynanypsyňyz, meniň başymy bar zada “urmaly” däldigimi, galan oliwýeni iýip gutarýançam, meniň bilen paýlaşdyňyz. Bu çäksiz gymmatly – diýip, Alsu 18-nji ýanwardaky hatynda ýazýar.

Şol gün Alsu Kurmaşewanyň tussag edilenine üç aý boldy, 25-nji ýanwarda bolsa tussaglykda oturanyna dogry ýüz gün doldy.

18-nji ýanwarda Alsu özüniň duýgulary, şeýle hem 2023-nji ýylyň maý aýynda, Kazana gitmegine ökünýändigi ýa däldigi barada ýazýar. Köpleriň (şol sanda tanamaýan adamlarynyň) özünden maslahat soraýandygyny aýdýar:

– Ene-atalar çagalarynyň bilim almagy üçin, haýsy ýoly saýlamalydygyny soraýarlar, tatar ýigidine aşyk bolan gyz öz hossarlarynyň ýüregine dogry ýoly tapmak barada maslahat soraýar, sebäbi "olar gyzy kabul etmeýärler" – diýip, Alsu ýazýar. – Size maslahat bermäge özümi hakly saýamok, ýöne maňa ynanýanyňyz üçin, örän minnetdardyryn. Öz wagtynda bilim dünýäsine, medeniýete, durmuşa maňa-da biri gapy açypdy. Owal başda, hossarlarym, soňra uly ýoldaşlarym we kärdeşlerim boldy. Soňra ol gapylary men; ilki çagalarym we ýakynlarym üçin, özüm açyp başladym. Soňra meniň kömegime ýa-da ýardam bermegime mätäç bolanlaryň hemmesi üçin açdym, ýöne oňa şol wagt düşünmändirin. Indi bolsa kimdir biri üçin gapy açmagyň jogapkärçilikdigine düşünýärin.

Alsu "gapylary diňe güýçli we özüne ynamy bolan adamlaryň açyp bilýändigini" ýazýar. Ony ýapmak bolsa şeýle duýgulary bolmadyk ýa-da ýaňy kämilleşýänleriň derejesi.

– Siz meniň "şeýle wagtda" öýüme (!) gelendigime guwanýarsyňyz. Emma biz häzir ýaşaýarys, biziň "başga" wagtymyz bolmaz. "Wagt", elbetde, bolar, ýöne şol günler ýakynlaryň kömege mätäçlerden kimdir biriniň bolmazlygy mümkin. Durmuşymdan ýiten üç aýy – meniň asla bolmaly däl ýerde geçiren wagtymy hiç kim yzyna gaýdyp bermez. Men öz maşgalam üçin jogapkärdirin. Kiçi ýaşly çagalarym, garry ejem üçin. Indi meniň durmuşymda we sizde 2024-nji ýylyň 18-nji ýanwary ýaly gün bolmaz. Şu günler biz näme etdik? Kime gapylary açdyk? Sebäbi ertir eýýäm ertirki gün, hemme zat başgaça bolar. Şu gün meniň stolumyň üstünde açyk gapylaryň we aýnalaryň suratlary basylan siziň hatlaryňyz. Siz güýçli we özüňize ynamly. Siz hökman öz soraglaryňyzyň jogabyny taparsyňyz. Özüňiz we başgalar üçin gapylary açyň, mundan gorkmaň. Men size örän minnetdar. Alsu.

Täze ýylda wagtlaýyn tussaghanada

Täze ýyl baýramynda tussaglykda oturmak aňsat däl, owaly bilen hatlary okamaga we barlamaga jogapkär barlagçylaryň rugsada gidýän wagtynda.

Mundan öňinçä Alsu hemmeleriň baýramçylyklara nähili taýýarlyk görýändigini sorap, Roždestwo agajynyň we bezegleriniň suratlaryny ibermegi haýyş edipdi ("Zonatelecom" hyzmaty muny etmäge mümkinçilik berýär). “Ýolka üçin sag boluň! Suratyň hili meniň göz öňüne getirmegim üçin ýeterlikli. Men ähli zady tanadym, üstesine, hakyky durmuşda onuň keşbiniň hem ysynyň nähili bolýandygyny bilýänim üçin” diýip, 18-nji dekabrda ýazypdyr. Ondan birnäçe gün öň Alsu joralaryna: “Alla birsa (tatarça) wegetarian oliwýe (kartoşkaly salat) hödür etjegine” söz beripdi.

Täze ýylyň öňüsyrasynda Alsunyň joralary oňa gyzyl işbil bermek islediler, onuň tussaghananyň onlaýn dükanynda bardygy ýüze çykdy. Ýöne gytçylyk edýäni-de belli boldy, iň soňky bölegi satuw saýtyndan derrew ýitdi. Ýoldaşlary bu babatda gynanç bildirip, hat ýazypdyrlar.

– Hat we sowgat aldym! Köp Taňryýalkasyn! Gaty gowy. Bularyň baryny söýýän. Kösükli aş maňa başga durmuşy ýatladýar, onuň üçin aýratyn minnetdarlyk bildiriň. Mende işbil bar! – diýip ýazypdyr.

Soň eýýäm ýanwaryň ortalarynda, hat barlaýanlar işe çykanlarynda, Alsu özüniň 31-nji dekabrdan 1-nji ýanwara geçilýän gijäni "ýarym ukuda" geçirendigini ýazdy.

Alsu Kurmaşewa şeýle hem "Zoluşka üçin üç hozjagaz", "Graf Monte-Kristo", köne sowet multfilmleriniň täze görnüşlerini we "köp TV aýdym-sazlary" görmegi başarandygyny ýazýar.

– Iki günden bäri öňki reňkli telewizordan soň, gara-ak reňklä öwrenişip bilemok. Ýöne munuň bilen öwrenişmeli bolaryn. Başga alaç ýok. Habibanyň "Malinanyň miwesi" aýdymy reňklidäki ýaly, şol bir duýgyny oýarýar. Goňşym oýanyp: «Ýaňy sagat dört boldumy?» diýýär. Ýok, ezizim, sagat eýýäm dört! Häzir ertirlik edinmeli, meniň peýnirim hem süýtli çaýym bar – diýip, Alsu “dynç günlerini” geçirişini ýazýar.

" Bu soraglar maňa degişli däl"

Gelen iki hepde agyr geçipdir: diňe ýanwaryň ortasynda, Alsunyň keselländigini hossarlary bilip galdylar. Bagtymyza, ol soňra gowulaşdy.

– Bokurdagyma seredip, döşümi diňläň.

– Näme üçin?

– Meniň bokurdagym gaty agyrýar, döşümde-de hyžžyldy bar.

– Seretmegiň haýry ýok, bary bir men size kömek edip bilemok.

– ???

– Mende hiç hili derman ýok.

– Hatda parasetamol hem ýokmy?

– Hatda parasetamolam ýok.

– Nähili bolaýanda-da, haýyş edýän, serediň; gaty ýaramazmy ýa-da däldigini aýdyň. Meniň bolýan ýerimde aýna ýok, ýogsa özüm serederdim.

Seretdi.

– Beýle erbet däl. Agzyňyzy duzly suw bilen çaýkaň.

– Sag boluň – diýip, Alsu oňa minnetdarlyk bildirýär. – Näme üçin siz esasy dermanlaryň berilmegini üpjün etmeýärsiňiz? Olar şu ýerde bar diýýärler.

– Bu soraglar maňa degişli däl. Men ýönekeý feldşer. Mende diňe birki däne no-spa galdy. Gerekmi?

– Gerek!

Bu dialogy Alsu 8-nji ýanwarda ýazan hatynda gürrüň berdi. Eýýäm ertesi gün bolsa: «Men sagaldym!» diýip ýazdy.

– Iki hepdäniň şertleri çydamsyzdy (hossarlary we ýoldaşlary Alsunyň wagtlaýyn tussaghana salnanda, stolsuz, sowadyjysy ýok we beýleki "amatlyklary" bolmadyk kamerada saklanandygyny bilýärler – Idel.Realii), ony hatda beýan edip bilemok. Häzir biraz ganymat. Adaty durmuşda, infeksiýanyň ýa-da sowuklamanyň ilkinji alamatlarynda, adam köp zady içip, elinden geldigiçe, özüni arassalap başlaýar, umuman, şeýle. Ine, bu ýerde hiç zat ýok – sen gudrat bilen sagalýarsyň. Hemmeler keselleýär, muňa asla üns berýän ýok – diýip, Alsu ýanwaryň bäşine ýazdy.

" Ýamanlygyň gapdalynda, näçe ýagşylyk bar”

"Okan wagtymda, diwarlar aýrylýar, siziň hemmäňizde bar zat gowulyk. Şu gün men, diňe bir syýasy tussaga däl, eýsem hut özüme, örän köp ajaýyp hem manyly hatlar aldym. Olar Piterden, Çelýabinskden we Stawropoldan. Ine-de, häzire çenli Kazandan ilkinji hat. Ilkinji! Bilýäňizmi, Orsýetiň we dünýäniň ähli künjeginden hatlar gelende, Kazandan hiç zadyň ýokdugy güýçli haýran galdyrýar" diýip, Alsu Täze ýylyň öň ýany ýazan hatynda belleýär.

Birki günden soň, munuň yzyny ýollady: “Ýogsa-da, şu gün Kazandan poçta bilen ýene-de iki hat geldi. Birini tanaýaryn (hatyň awtoryny), ikinjini tanamok. Düýn Orsýetiň günortasyndaky gyzdan ajaýyp hat aldym. Iki hepde mundan ozal Kazanda bolupdyr, bu ýerde dostlary bar. Bu ýer oňa diýseň ýaraýar, ol ýygy-ýygydan (ýylda iki gezek) gelýär. Ýoldaşlaryndan men barada eşidipdir, belkem, resmi habar serişdelerinden köpräk zady bilipdir. Ýazmagyna görä, “biletini üýtgedip, derrew gitmegi berk isläpdir”. Ol "özüniň söýgüli şäherinde beýle zadyň bolup biljegine" garaşmandyr. Soňra ol otluda öýüne barýarka, maňa uzyn hat ýazypdyr. Şeýle täsin takyrlar, ýamanlygyň gapdalynda, näçe ýagşylyk bar”.

Alsu Pragadan, Parižden, Awstriýadan, Germaniýadan we ABŞ-dan köp hat we kartoçka alandygyny ýazýar. “Bularyň ählisi ýürege ýakymly. Käbirine hatda ynanar ýaly hem däl. Olar bir aýa golaý poçtada bolupdyr, ýöne geldi!” diýip belleýär. 13-nji ýanwarda Alsu ýakynlaryndan birnäçe hat alandygyny ýazýar. “Diýmek, hatlaryň akymy azda-kände kadalaşýar. Olarsyz maňa gaty agyr bolupdy. <...> Hakykatdan-da, ýagdaý gitdigiçe ýuwaş-ýuwaşdan öz kadasyna gelýär, ýöne çydap bolmaz ýagdaýda. <...> Nireden güýç alýaryn? Ony gutarmazlyga çalyşýan".

Alsu Kurmaşewa 2023-nji ýylyň maý aýynyň ortalarynda, maşgala ýagdaýy sebäpleri öz dogduk mekany Kazan şäherine geldi. Ikinji iýunda Praga uçmazynyň öň ýany, Kazan howa menzilinde, Alsu howpsuzlyk güýçleri tarapyndan saklandy. Onuň Amerikan we rus pasportlary elinden alyndy (Alsuda iki raýatlyk bar: Russiýa we ABŞ). Birnäçe günden soň, žurnalistiň garşysyna ikinji raýatlygy barada habar bermändigi üçin (Russiýa Federasiýasynyň Jenaýat kodeksiniň 330.1 maddasy), jenaýat işi açyldy we Alsudan hiç ýere gitmezlik barada, ýazmaça hat alyndy. Bu işiň derňewi birnäçe aýlap dowam etdi. Diňe oktýabr aýynda, Kazandaky kazyýetiň karary bilen oňa 10 müň rubl jerime salyndy.

Bir hepde geçenden soň, Alsuny tussag astyna aldylar we “daşary ýurt agenti” hökmünde hasaba alynmagy üçin, hökümete ýüz tutmadygy sebäpli, Russiýa Federasiýasynyň Jenaýat kodeksiniň 330.1 maddasynyň 3-nji bölegine laýyklykda aýyplama bildirdiler.

Takmynan iki aý geçensoň, rus goşuny barada "ýalan" ýaýradandygy üçin, oňa garşy täze jenaýat işi açyldy. Muňa Idel.Realii redaksiýasynda çapdan çykan "Uruş ýok bolsun. Ukrainanyň çozuşlaryna garşy çykýan russiýalylaryň 40 hekaýasy" kitap sebäp boldy.

18-nji dekabrda Ýewropa Bileleşiginiň Daşary işler we howpsuzlyk syýasaty baradaky birleşiginiň baş diplomaty Josep Borrell Russiýanyň hökümetini Alsu Kurmaşewanyň “dessine azatlyga goýbermäge” çagyryp: “Russiýanyň hökümeti žurnalistleriň howpsuzlygyny we olaryň özüni azat ýagdaýda erkin beýan edip bilmek hukugyny kepillendirmeli, şeýle-de olary yzarlamagy bes etmeli” diýdi.

Şeýle hem dünýäniň dürli künjeginden, adam hukuklary boýunça onlarça guramalar we Günbatar syýasatçylary Alsuny goldap çykyş etdiler. Mesele diňe halkara düzümleri bilen çäklenmeýär: 10-njy dekabrda Kazanda žurnalistlere garşy edilen agyr jenaýatçylyga, hususan-da has agyr jenaýatlara garşy piket geçirildi. Çärä gatnaşyjy iki adam, şol sanda sosiolog Iskander Ýawaýew, Alsu Kurmaşewany goldaýan plakat bilen durdular. Ýerine ýetiriji komitetiň wekili we Merkeziň işgärleri protestçilerden olary aýyrmagy haýyş etdiler. Olar munuň bilen ylalaşdylar. Häkimiýet işgärleriniň aýtmagyna görä, bu protestler yglan edilen çäräniň maksadyna gabat gelmändir.

ABŞ-nyň Döwlet departamentiniň resmi wekili Mattýu Miller 18-nji ýanwarda, ABŞ-nyň häkimiýetleriniň Alsu Kurmaşewanyň işine "uly üns berýändigini" aýtdy. Daşary işler edaralary žurnalistiň tussag edendiginiň kanunydygyny heniz ykrar etmedi, Milleriň sözüne görä, ol beýle tagallalaryň edilmeýändigini aňlatmaýar.

Milleriň beýanatyndan soňra, 21-nji ýanwarda, Nýu-Ýorkdaky Taýms meýdançasynda, "Kod 58" proýektiniň çäklerinde, rus syýasy tussaglarynyň, şol sanda Alsu Kurmaşewanyň portretleri görkezildi. Bu installat Russiýada oppozision syýasatçy Alekseý Nawalnynyň tussag edilmeginiň üçünji ýyl dönümine gabatlandy.

Gadyrly okyjy, siz Telegram we WhatsApp tilsimleriniň messenjerleri arkaly Azatlyk Radiosy bilen howpsuz ýagdaýda habarlaşyp bilersiňiz. Telefon belgileri: +420 724 168 989 we +420 773 797 383.

Türkmenistanda VPN ulgamlary arkaly işleýär. Siz şu meýl: azathabar@derweze.net we sep arkaly biziň mugt Psiphon3 VPN ulgamymyzy Android ulgamlary üçin ýükläp bilersiňiz. Azatlyk Radiosy siziň şahsyýetiňiziň gizlinligini doly kepillendirýär.