Nikol Paşinýan: Ermenistan KHŞG-a dolanmak nokadyndan geçdi

Nikol Paşinýan

Ermenistanyň premýer-ministri Nikol Paşinýan Ýerewan bilen Moskwanyň Kollektiwleýin Howpsuzlyk Şertnamasy Guramasynyň (KHŞG) roluna we jogapkärçilik çägine berýän bahasyndaky düşünişmezlikleriniň yza dolanmak nokadyndan geçilendigine şaýatlyk edýändigini aýtdy.

Ermeni premýeriniň pikiriçe, häzirki şertlerde Ýerewanyň KHŞG-a gaýdyp gelmegi mümkin bolup görünmeýär.

Paşinýan Ermenistanyň bu guramanyň işine gatnaşmagyny doňdurandygyny, resminamalary ara alyp maslahatlaşmakdan ýa-da olaryň öňüni baglamakdan ýüz öwrendigini aýtdy.

“Biz eýýäm özümizi KHŞG-dan daşarda hasaplaýarys. Goý, olar islän meselelerini çözsünler. Biz olaryň işlerine goşulmaýarys we şu ýerde biziň de-ýure weto hukugymyz bar diýip aýtmaýarys..." diýip, premýer-ministr parlamentde eden çykyşynda aýtdy.

Bu beýanat Wladimir Putiniň noýabr aýynda Astanada geçirilen KHŞG sammitiniň jemleri barada eden çykyşyndan soň edildi.

Russiýanyň prezidenti şonda guramanyň Garabag urşy wagtynda Ýerewanyň tarapynda durmandygyny, sebäbi ýagdaýyň Ermenistana garşy daşardan agressiýa edilýändigi baradaky kesgitlemä laýyk gelmändigini aýtdy.