Neşe serişdeleriniň gaçakçylygy. Täjigistan Özbegistan bilen serhetdäki barlaglary güýçlendirdi.

Täjigistan bilen Özbegistanyň arasyndaky serhet geçelgesi (arhiw)

Täjigistanyň we Özbegistanyň arasyndaky serhet geçelgelerinde, neşe maddalarynyň aýan edilip, olaryň saklanmagynyň artmagy žurnalistleri hem-de Sogd welaýatyndaky neşe serişdelerine gözegçilik edarasynyň ýolbaşçylary bilen sebitdäki regional gümrük bölüminiň arasynda, çekişmeleriň sebäpleriniň birine öwrüldi.

Täjigistanyň sebitdäki Gümrük bölüminiň başlygy Zafar Mahmadeýewiň aýdyşy ýaly, 2023-nji ýylyň aýagynda, Istarawşan şäheriniň ýaşaýjysy Fotehobod serhet gözegçilik nokadynda saklanypdyr. Ol özüniň ýük maşynynda, Coca-Cola içgileri bilen birlikde, 71 kilogramdan gowrak heroin geçirjek bolupdyr.

«Biz bu ulagyň ýoluny Fotehobod barlag-gözegçilik punktyna çenli yzarladyk, soňra-da saklap, barlag geçirdik. Biziň işgärlerimiz üç günläp ysgaw itleriň kömegi bilen ýük maşynyndan neşe gözlediler. Ahyr soňy ony tapdylar» diýip, Sogd welaýatynyň gümrük gullugynyň ýolbaşçysy Zafar Mahmadeýew aýdýar.

Zafar Mahmadeýewiň sözüne görä, ol iş boýunça derňew prokuraturanyň sülçüleri tarapyndan geçirilipdir, ýöne barlagyň netijeleri barada, resmi maglumat berilmändir.

Şol wagtyň özünde, 2023-nji ýylyň awgustynda, Özbegistanyň Daşkent welaýatynyň gümrük bölüminiň metbugat gullugy "Aýbek" barlag-gözegçilik punktynda, bir ýük ulagynyň Täjigistanyň serhedinden geçenden soň, saklanandygyny habar berdi.

Maşyn Özbegistana Fotehobod barlag nokadyndan geçip gaýdypdyr. Ol benzin bakynda, şeýle hem gaz ballonynda 55 kg-dan gowrak neşe maddalaryny (52,8 kg. haşiş, 2 kg-dan gowrak heroin we 950 gr sintetiki derman) ýaşyryp, goňşy ýurda geçirmekçi bolupdyr.

Ol saklanan neşe maddalaryna düşündiriş berip, Zafar Mahmadeýew şeýle diýdi: «Bütin dünýäde bikanun neşe gaçakçylygy bar. Bu akymyň öňüni alyp bolmaýar. Eger ulagyň içinde neşe maddalary bolsa, ony-da ysgaw it anyklap bilmese, onda adam bu zady nädip anyklap biler? Şoňa görä-de, biziň iki işgärimize garşy iş gozgaldy. Olar işden boşadyldy».

Täjigistan bilen Özbegistanyň arasynda, 13 serhet barlag-gözegçilik punkty bar. Mastjoh etrabynda ýerleşýän "Fotehobod – Aýbek" köptaraply serhet barlag geçelgesi iki goňşy ýurduň arasyndaky esasy serhet geçelgeleriniň biri hasaplanylýar.

Mundan ozal özbek gümrükçileri Täjigistan tarapyndan, Özbegistana gelýän maşynlardan, neşe serişdelerini tapyp tussag edenlerinde, bu ýagdaýlar serhetden geçýän ýüzlerçe raýatyň ýolunyň birnäçe sagatlap gijikdirilmegine we özbek hukuk goraýjy edaralarynyň çekişmelerine sebäp boldy.

Sogd welaýatyndaky neşe serişdelerine gözegçilik edarasynyň bölüminiň başlygynyň wezipesini ýerine ýetiriji Safarali Olimzoda: "Hakykatdan-da, Özbegistanda neşe serişdeleri ele salyndy. Emma munuň özi biziň raýatlarymyzyň beýleki tarapdan gysylmaklaryna sebäp bolmaly däldir. Bizde beýle maglumat ýok. Biz öz tarapymyzdan, kontrollygy güýçlendirdik, kanun gullugymyzyň mümkinçiliklerini ulanyp, itleriň barlaglaryny gurnadyk, barlag-gözegçilik punktyndan geçýänler, ähli ulaglar düýpli barlanýar” diýdi.

Döwlet mediasynda we sosial ulgamlarda, neşe söwdasynyň aýlanyşygy bilen baglanyşykly ençeme habar peýda bolýar. Bu maglumatlaryň fonunda, dowam

edýän jedelli mesele boýunça žurnalistler resmiler bilen söhbetdeşlikde, neşe söwdasyna täsirli adamlaryň gatnaşygy bolmasa, şeýle ösüşiň mümkin bolmajakdygyny çaklaýarlar.

Gadyrly okyjy, siz Telegram we WhatsApp tilsimleriniň messenjerleri arkaly Azatlyk Radiosy bilen howpsuz ýagdaýda habarlaşyp bilersiňiz. Telefon belgileri: +420 724 168 989 we +420 773 797 383.

Türkmenistanda VPN ulgamlary arkaly işleýär. Siz şu meýl: azathabar@derweze.net we sep arkaly biziň mugt Psiphon3 VPN ulgamymyzy Android ulgamlary üçin ýükläp bilersiňiz. Azatlyk Radiosy siziň şahsyýetiňiziň gizlinligini doly kepillendirýär.