Balkanabatda turan güýçli ýel uly zaýaçylyk etdi

Bezeg suraty

Balkan welaýatynyň merkezi Balkanabat şäherinde 10-njy awgust güni giçlik, sagat 18-de başlanan güýçli ýel daňdan sagat 5-e çenli dowam etdi diýip, Azatlygyň sebitdäki habarçysy habar berýär.

Güýçli ýel ýüzlerçe öýüň üşek örtüklerini gopardy, elektrik simlerini, telefon liniýalaryny üzdi, şäheriň köp gatly binalarynyň ençemesinde tok kesildi. Öý telefonlary 11-nji awgusta, sagat 11:30-a çenli işlemedi, henizem elektrik üpjünçiligi dikeldilmedik kwartallar bar diýip, habarçymyz ýazýar.

Balkanabadyň golaýyndaky Jebel, Gumdag, Kommunist, Haram şäherçelerinde hem ýeliň ýetiren täsiri kiçi-girim bolmady, asmana galan gum-tozandan ýaňa öňüňi görmek kyn boldy, köçelerdäki agaçlaryň iri şahalary döwüldi.

Şeýle-de, habarçynyň maglumatyna görä, Gumdagda telefon aragatnaşygy (tmcelliň) antennasyna zyýan ýetdi.

Häkimiýetler aragatnaşyk we elektrik üpjünçiligini mümkin boldugyça tiz doly dikeltmegi wada berdiler diýip, habarçymyz aýtdy.