Nursoltan Nazarbaýew gaznasy Gazagystanyň öňki prezidenti barada film üçin, bäş million dollar töledi. Filmi asly Ukrainadan bolan amerikaly dokumental kinoçy Ihor Lopatenok Holliwud režissýory Oliwer Stoun bilen bilelikde döredipdi. "Guramaçylykly jenaýat we korrupsiýa hakynda hasabat” (OCCRP) merkeziniň täze ýaýradan maglumatynda hem-de "Wlast" žurnalynda aýdylmagyna görä, film Nazarbaýewiň göwnüne ýarapdyr. Şol kartinany döredenler bolsa, beýleki awtoritar hökümdarlara-da şuňa meňzeş filmleri hödürläp, olaryň abraýyny "aklamaga" synanyşdylar.
Diktatorlary öwmek proýektleri boýunça režissýoryň geljekki maksatlary hakynda sorag bilen özüne ýüzlenen žurnalistlerde Ihor Lopatenok: «Biz siziň yzyňyzdan geleris! Her biriňiziň! Biz sizi tanaýarys! Biz siziň çeşmeleriňiziň yzyndan bararys. Biz sizi weýran ederis, abraýyňyzy zaýalarys!» diýip gygyrdy.
Bu haýbatyň yzyndan, Lopatenok kagyza ýazyp bolmajak sözleri aýtdy. OCCRP žurnalistleri bolsa, «Gazak. Altyn adam taryhy» dokumental filminiň awtorlarynyň biri bilen geçirilen interwýuny tamamlamak kararyna geldiler.
Bu film 30 ýyla golaý Gazagystany dolandyran we iň ýokary öwgini halaýan Nursoltan Nazarbaýew barada. Filmiň köp bölegini öňki prezidentiň Holliwud režissýory Oliwer Stoun bilen eden interwýusy eýeleýär, onda Nazarbaýew öz çagalyk döwrüni ýatlaýar we wezipedäki ösüş ýoly, SSSR-iň dargamagy, onuň böleginden emele gelen Gazagystan barada aýdyp geçýär. Kino tankytçylary 2021-nji ýylda görkezilen kartinany öwgi filmi atlandyrdylar.
OCCRP-nyň žurnalistleri täze makalada, 2019-njy ýylyň ahyrynda, filmiň üstünde işlenilmäge başlanandygyny belläp geçýärler. Ol döwürde Nazarbaýew prezidentlik wezipesinden çekilipdi, emma giň ygtyýarlyklary öz elinde saklamagyny we döwlet apparatyna täsir etmegini dowam etdirýärdi. «Nazarbaýew filme yzygiderli düzedişler girizýärdi, öz abraýyny gowulandyrjak bolup jan edýärdi» diýip, filmiň üstünde işlän toparyň agzalarynyň biri barlagçy žurnaliste aýdypdyr.
Sekiz bölümli film döwlet telewideniýesinde diňe bir gezek ýaýlyma berildi. Bir aý geçende, ýurtda soňy zorluga, gozgalaňa öwrülen köpçülikleýin protestler başlandy. Ýurduň ähli künjeklerinde müňlerçe protestçi Nazarbaýewiň wezipesinden çetleşdirilmegini talap edip, "Şal, ket!" (“Çal, git!”) diýip gygyryşýardylar, onuň syýasy mirasy bolan, ýurtdaky sosial deňsizlige, korrupsiýa, şahsyýet kultuna garşy çykýardylar. Rehimsizlik bilen basylyp ýatyrylan protestlerde, howpsuzlyk güýçleri Akordanyň buýrugy boýunça adamlara ot açdylar, onda azyndan 238 adam ýogaldy.
Köpleriň pikirine görä, döwletdäki agalyk ugrundaky göreş Nazarbaýewiň töweregindäkiler bilen onuň wezipä bellän wekili Kasym-Žomart Tokaýewiň prezidentliginiň ilkinji ýyllarynda hereket etmän, öňki ýolbaşçysynyň kölegesinde bolandygyny aýdýarlar. Bu göreşde Tokaýew ýeňiş gazanan ýaly görünýär: Ýanwar wakalaryndan soň, "nazarbaýewsiz" syýasat başlandy we ozalky döwlet baştutanynyň dogan-garyndaşlary belent wezipelerinden çekilmeli boldular. Olaryň käbiri türmä basyldy, onuň özi hem köpçüligiň öňünde seýrek görnüp başlady, soňra ýörite kanunlaryň ýatyrylmagy netijesinde, artykmaç hukuklaryny ýitirdi.
Ýöne şol döwürde, «Gazak. Altyn adam taryhy» filminiň ilkinji görkezilişinde, öňki prezident "netijelerden hoşal boldy" diýip, barlag geçiren awtorlar ýazýarlar. Emma Lopatenok we Stounyň ýanynda işlänler närazy bolupdyrlar. Ol toparyndan birnäçe adam doly hakyny hem alyp bilmändir, muny žurnalistler bilen söhbetdeşlikde, iki kişi tassyklady.
Barlagyň maglumatyna laýyklykda, 2022-nji ýylda, Nazarbaýewiň gol astyndaky we onuň uly gyzy Dariganyň ýolbaşçylygynda dolandyrylýan haýyr-sahawat gaznasy bäş million dollary Stounyň we Lopatenokyň hasabyna geçiripdir. Bu barada ne Nazarbaýew, ne-de onuň gyzy soraglara jogap bermedi.
Degişli maglumat Millionlarça funt sterlinge barabar jaýlar. Britaniýa Nazarbaýewleriň kaşaň emlägi baradaky maglumatlary mälim edýär
«Her näme-de bolsa, Nazarbaýew hakyndaky proýekt Lopatenoka diktatorlar bilen işleşmegi öwredendir: olar ýa-da olaryň töweregindäkiler töleýärler; ol bolsa meşhur interwýuçynyň gürrüňinde, şekilleriň ýaýbaňlandyrylmagy bilen meşhurlyk barada, ýokary hilli öwgüli filmleri döredýär» diýip, barlagçylar ýazýar.
Lopatenokyň toparynyň birnäçe awtoritar hökümdarlar üçin ssenariýa taýýarlandygyny görkezýän dokumentler olaryň eline düşüpdir. Olardan azyndan iki filmde interwýu geçirmegi Stoun wada beripdir. «Dünýäniň niresinde rehimsiz diktatorlar bar bolsa, Ihor Lopatenok ondan mümkinçilikleri görýär» diýlip, neşirde aýdylýar.
Barlag maglumatlaryna görä, Lopatenok Azerbaýjanyň prezidenti Ylham Aliýew barada dabaraly film almakçy, ol öz ýurduny 2003-nji ýyldan bäri dolandyrýar. Ol bu işde hem Oliwer Stounyň interwýu üçin goşulyşmagyna umyt eden ýaly görünýär. Halkara guramalary Aliýewiň režimini graždan azatlyklaryna basyş etmekde, korrupsiýada, prezidentiň dogan-garyndaşlaryna köp sanly aýratyn artykmaçlyklary döretmek meselesinde tankyt edýärler.
Şeýle-de, barlaglar Belarusyň awtoritar hökümdary Aleksandr Lukaşenka hakda film düşürmek pikiri barada maglumat tapdylar. Prezentasiýanyň daşky sahypasynda, Lukaşenka we Stounyň portretleri bar.
«Lopatenokyñ toparynyñ özara alyşýan ýazgylaryna görä, Stoun azyndan bir proýekte – Lukaşenka baradaky filme gatnaşmaga razylaşypdyr. Görnüşinden, 2022-nji ýylyň fewralynda, Russiýanyň Ukraina garşy doly möçberdäki urşy başlanyndan soň, onuň planlary üýtgäne meňzeýär (2022-nji ýylyň martynda, Stoun urşy açyk ýazgaryp, Orsýetiň "ýalňyş" edýändigini aýtdy, şonuň bilen birlikde, ABŞ-nyň Putini "öjükdirendigini-de" belledi)» diýip, barlagda ýazylýar.
Toparyň agzalarynyň aýtmagyna görä, Lopatenok awtokratlara çemeleşmegiň ugruny tapmagy başarýar.
«Onuň satyp bolýan ýyldyzy bar – ol Stoun. Bary şol – diýip, režissýor bilen işleşen bir adam aýtdy. – Adamlar mydama ownuk bezeglere göwün berýär, şu ýagdaýda ol ownuk bezeg Oliwer Stoun bolup durýar. Ol islenýän effektini gazandy: “O-how, Oliwer Stoun bilen interwýumy! Meni bütin dünýäde görkezerler!” diýen pikir bar.»
Ýöne barlagyň awtorlarynyň nygtaýşy ýaly, Stounyň abraýy anyk kesgitli däl. 2017-nji ýylda "Putin bilen interwýu" atly 4 bölümli serialy çykarandygyny ýatlaýarlar, filmi Amerikan "New York Times" gazeti "ýaranjaňlyk" atlandyrdy. Stoun şol ýurtda Ukraina we Ýewromaýdan barada hem iki filme awtor hökmünde gatnaşdy, ony bolsa köpler rus propagandasy hasapladylar.
Barlagçylaryň aýtmagyna görä, Lopatenok, şeýle-de, Ankara gidip, Türkiýäniň prezidenti Rejep Taýýip Erdogana hem dokumental filmi teklip edipdir. Kino režissýorlarynyň Türkiýeden nähili jogap alandygy belli däl.
Barlagda şeýle hem aýdylyşyna görä, Lopatenok Stoun bilen "Ikinji jahan urşunda, Gündogar frontdaky rus gahrymançylygy barada gürrüň berýän" "Uruş" filmini surata düşürmegiň ugruna çykypdyr, ýagny ol Putiniň gowy görýän temasyndan film almakçy bolupdyr. Ýöne filmiň soňlaýjy bölümiň Russiýa bilen resmi taýdan hiç hili baglanyşygy ýok diýip hödürlemek isleýär, ýogsam ol Kreml propagandasy hökmünde görlerdi.
56 ýaşly Lopatenok öz proýektleriniň maliýeleşdirilmegi baradaky soraglara jogap bermekden boýun gaçyrdy. Intelligencer.today portaly tarapyndan ýerleşdirilen makalasynda, Lopatenok "öjükdiriji maglumat operasiýalarynyň" "gurbany" diýip atlandyryldy diýip, OCCRP ýazdy.
Lopatenok Gündogar Ukrainadan bolmaly, derňew toparynyň bellemegine görä, ol Ukraina barada, Russiýanyň tarapyndaky garaýşa eýerýär we Moskwanyň harby çozuşlaryny goldaýar. Ol ABŞ-da ýaşap, Amerikanyň graždany bolsa-da, Putini örän gowy görýär.
Gadyrly okyjy, siz Telegram we WhatsApp tilsimleriniň messenjerleri arkaly Azatlyk Radiosy bilen howpsuz ýagdaýda habarlaşyp bilersiňiz. Telefon belgileri: +420 724 168 989 we +420 773 797 383.
Türkmenistanda VPN ulgamlary arkaly işleýär. Siz şu meýl: azathabar@derweze.net we sep arkaly biziň mugt Psiphon3 VPNulgamymyzy Android ulgamlary üçin ýükläp bilersiňiz. Azatlyk Radiosy siziň şahsyýetiňiziň doly gizlinligini kepillendirýär