Kreml tankytçysy Alekseý Nawalnynyň bosgunlykdaky aýaly EB liderleri bilen boljak duşuşygyň öňüsyarsynda "öz ýurtlary üçin alyp barýan göreşlerini dowam etdirmek" wadasyny berip, özlerine goldaw berilmegine çagyryp, iki minutlyk wideo çap etdi.
"Wladimir Putin üç gün öň meniň adamym Alekseý Nawalnyny öldürdi" diýip, Ýuliýa Nawalnaýa öňki twitterde, X platformasynda paýlaşan wideo ýazgysynda aýtdy.
Rus häkimiýetleri Arktika türmesinde ölendigini aýdaly bäri, ýurduň dürli künjeklerindäki ruslaryň ýörite ýadygärliklere gül goýup, polisiýa tarapyndan tussag edilýän wagtynda, maşgala agzalary we tarapdarlary häkimiýetlerden Kreml tankytçysy Alekseý Nawalnynyň jesedini almak synanyşyklaryny dowam etdirýärler, merhum aktiwiste Ýewropanyň goldawyny görkezmek üçin, ÝB-niň daşary işler ministrleri 19-njy fewralda Brýusselde Nawalnynyň dul galan aýaly bilen duşuşmaga taýýarlanýar.
Şu aralykda, Kreml 19-njy fewralda derňewiň dowam edýändigini we onuň rus kanunlaryna laýyklykda alnyp barylýandygyny aýdyp, Kreml tankytçynyň ölüminiň sebäpleri baradaky resmi dymyşlygy bozdy. Beýanatda merhumyň jesediniň haçan beriljekdigi baradaky meseläni Kremliň çözmeli däldigi aýdylýar.
Şeýle-de, bu beýanat 16-njy fewralda Nawalnynyň ölümi barada berlen habardan soň Günbataryň eden tankytlaryny "düýbünden kabul ederliksiz" diýip atlandyrdy.
Kremliň metbugat sekretarynyň goşmaça soraglara beren jogabynda "Meniň goşjak zadym ýok" diýendigi habar berildi.
47 ýaşly Nawalnynyň jesediniň saklanylýan ýeri we onuň jesedinde zorluk yzlarynyň bardygy ýa-da ýokdugy barada edilýän gürrüňleriň arasynda, düýbi Latwiýada ýerleşýän “Nowaya.gazeta Yewropa” 18-nji fewralda Sibiriň Salekhard şäheriniň polisiýasynyň ýerli morguň daşky goragyny berkidýändigini habar berdi.
Nawalnynyň maşgalasy we ýakyn ýaranlary onuň türmede ölendigini tassykladylar, merhumyň jesediniň özlerine berilmegini soradylar. Ýöne häkimiýetler aklawçylaryna we ejesine ölümiň sebäplerini kesgitlejek dereňewiň şu hepdede tamamlanjakdygyny aýdyp, merhumyň jesedini bermekden ýüz öwürdiler.
“Mediazona” web sahypasy 18-nji fewral güni giçlik Sibiriň demirgazygyndaky Salekhard şäheri bilen "Polýar gurdy" türmesini birleşdirýän buzly ýoluň kameralarynyň dört ulagdan ybarat kerweni görkezendigini aýdyp, olaryň Nawalnynyň jesedini başga ýerik alyp barýan bolmagynyň mümkindigini öňe sürdi. Nawalny, ekstremizm aýyplamasy esasynda berlen 19 ýyl tussaglygyny geçirmegi üçin, golaýda şu türmä geçirilipdi.
“Mediazona” we “Nowaya.gazeta Yewropa” Nawalnynyň jesediniň Salekharddaky etrap morgunda saklanýandygyny habar berdiler. Aýdylmagyna görä, resmiler 17-nji fewralda, uzakdaky türmä gelen enä, Nawalnynyň ejesi Lýudmila oglunyň jesedini görmek rugsadyny bermekden ýüz öwürdiler.
Nawalnynyň öňki metbugat sekretary Kira Ýarmyşyň 19-njy fewraldaky twitter ýazgysynda aýtmagyna görä, Russiýanyň Federal Derňew Komiteti onuň ejesine we aklawçylaryna "Nawalnynyň ölümi bilen baglanyşykly derňewiň wagtynyň uzaldylandygyny, näçe wagt dowam etjeginiň belli däldigini, ölümiň sebäbiniň heniz kesgitlenmändigini” aýtdy.
"Olar ýalan sözleýärler, wagt utjak bolýarlar, muny hatda gizläp hem durmaýarlar” diýip, Ýarmyş sözüniň üstüni ýetirdi.
OVD-Info adam hukuklary toparynyň ýazmagyna görä, Nawalnynyň jesediniň maşgalasyna gowşurylmagyny talap edýän adamlaryň gol çekişligi başlanaly bäri, iki gün öň Derňew komitetine 52,000-den gowrak talapnama iberildi.
OVD-Info toparynyň bellemegine görä, jenaýat işi açylan halatynda, prosessual gözden geçiriş häkimiýetlere jesedi azyndan 30 gün ýa-da has uzak bermän saklamak mümkinçiligini berýär.
“Nowaya.gazeta Ýewropa”, ady aýdylmadyk bir medisina işgäriniň sözlerine salgylanyp, Nawalnynyň jesedinde gök tegmil yzlarynyň bardygyny aýtdy. Saglyk işgäri merhumyň döşünde gytaklaýyn ýürek massažynyň yzlarynyň tapylandygyny, munuň ony özüne getirmek tagallalarynyň edilendigini aňladýan bolmagynyň mümkindigini aýtdy.
Bu habar garaşsyz ýagdaýda tassyklanyp bilinmedi.
Nawalnynyň aýaly Ýuliýa Nawalnaýa 19-njy fewralda Brýusselde, goldaw çäreleriniň arasynda, ÝB-niň Daşary işler geňeşine gatnaşjak daşary işler ministrleri bilen duşuşar.
Litwanyň daşary işler ministri Gabrielius Landsbergis 19-njy fewralda, ÝB-niň, Nawalnynyň ölüminden soň, Russiýa garşy girizilen sanksiýalary "iň bolmanda" ýitileşdirmelidigini aýtdy.
16-njy fewralda çykarylan ölüm habaryndan bäri, rus polisiýasy Nawalnyny hormatlamak üçin gül we şem goýulýan ýadygärlikleriň daşyny gabady we kanun bozmakda güman edilýänleri dargadyp, bir topar adamy tussag etdi.
Azyndan 36 şäherde öz-özünden emele gelen ýygnanyşyklarda 400-den gowrak adam tussag edildi.
Kremliň metbugat sekretarynyň 19-njy fewralda eden beýanatyndan öň, Russiýanyň prezidenti Wladimir Putin Nawalny ýa-da onuň tussaglykdaky ölümi barada resmi ýagdaýda hiç bir zat aýtmady.
Emma Günbatar Putini we onuň administrasiýasyny ýazgaryp çykyş etdi, ABŞ-nyň prezidenti Jo Baýden Nawalnynyň ölüminde Putiniň günäkärlenjegine "şübhe ýok" diýdi.