NATO-nyň täze baş sekretary Rutte Ukraina berk goldawyny äşgär etdi

1-nji oktýabrda Mark Rutte (çepde) NATO-nyň Brýusseldäki baş edarasynda ýaranlygyň baş sekretary wezipesinden gidip barýan Ýens Stoltenberg bilen duşuşdy.

1-nji oktýabrda Niderlandlaryň öňki premýer ministri Mark Rutte NATO-nyň baş sekretary wezipesine girişen badyna, özüniň Ukraina berk goldawyny äşgär etdi. Bu Russiýanyň goňşusy Ukraina garşy başladan doly gerimli urşunyň müňünji gününiň golaýlamagyna gabat geldi.

Rutte NATO-nyň Brýusseldäki baş edarasynda ýaranlygyň baş sekretary wezipesinden gidip barýan Ýens Stoltenberg bilen duşuşdy. Olar ýaranlygyň heläk bolan agzalarynyň hatyrasyna gül desselerini goýdular.

Mundan soň, olar NATO-nyň ýokary derejeli maslahatlarynyň geçirilýän uly zalyna bardylar we ýaranlyga on ýyl ýolbaşçylyk eden Stoltenberg Rutte wikingleriň tokmagyny gowşurdy.

Rutte kuwwatly we garaşsyz Ukrainasyz, Ýewropada uzak möhletleýin howpsuzlygyň bolup bilmejekdigini aýtdy.

Ol 2008-nji ýylda ýaranlygyň liderleri tarapyndan “Ukrainanyň kanuny ýeri – NATO” diýen borçnamalaryny ýene bir gezek gaýtalady.