11-nji iýulda NATO liderleri Ukrainanyň prezidenti Wolodymyr Zelenski bilen duşuşarlar. Mundan bir gün öň, uruşdan ejir çekýän Ukraina goşmaça möhüm goldaw, şol sanda uzak wagtdan bäri garaşylýan ABŞ-nyň F-16 söweş uçarlarynyň iberilmegi we geljek ýylyň dowamynda Ýaranlygyň Ukraina üçin onlarça milliard dollarlyk harby hemaýaty yglan edildi.
NATO-nyň baş sekretary Ýens Stoltenberg Zelenski bilen duşuşygyň NATO Ukraina Geňeşiniň çäginde geçiriljekdigini mälim etdi. Günüň dowamynda Ukrainanyň lideri ABŞ-nyň prezidenti Jo Baýden bilen hem duşuşar.
Mundan bir gün öň, Zelenski ABŞ Senatynyň we Wekiller Öýüniň liderleri we agzalary, şeýle-de goranmak, maliýe, diplomatiýa we milli howpsuzlyk meseleleri bilen ilteşikli komitetleriň agzalary bilen hem duşuşdy.
Zelenskiniň NATO-dan öz ýurduny Russiýanyň hüjüminden goramak boýunça hemaýat bermekde has aýgytly hereket etmegini we ozalky ylalaşyklaryň has tiz berjaý edilmegini sorajakdygyna garaşylýar.
Waşingtondaky sammitiň deklarasiýasynda Hytaýyň Russiýanyň Ukrainadaky uruş tagallalaryna “aýgytly mümkinçilik berýändigi” bellenilýär, şeýle-de onuň trans-atlantik howpsuzlygyna wehim salýandygy bellenilýär.
Stoltenberg žurnalistler bilen söhbetdeşliginde Ýaranlygyň ähli 32 agzasynyň ilkinji gezek bilelikde Hytaýy şu kesgitleme bilen tassyklandyklaryny aýtdy.
Hytaýyň Russiýany Ukrainadaky alyp barýan urşunda goldamagy, NATO-nyň Hindi-Ýuwaş umman yklymynyň dört ýurdy, ýagny Awstraliýa, Ýaponiýa, Täze Zelandiýa we Günorta Koreýa bilen baglaryny berkitmek boýunça gyzyklanmasyny güýçlendirdi. Bu döwletleriň ýolbaşçylary 11-nji iýulda NATO liderleri bilen duşuşyp, howpsuzlyk wehimlerini we hyzmatdaşlygy maslahat ederler.
Bu Hindi-Ýuwaş umman yklymynyň ýurtlarynyň hem gatnaşýan NATO-nyň tertip üçünji sammitidir. Olaryň NATO liderleri bilen duşuşygyna, Ýewropa Bileleşiginiň resmileri hem gatnaşar.