Myrady: Türkmenleriň sesi bogulýar

Illýustrasiýa suraty.

Dünýä Türkmenleriniň nobatdaky sany Owganystanda “Talyban” astynda ýaşaýan etniki türkmenleriň täze döwürdäki durmuş aladalaryna we türkmen diasporalarynyň sesiniň sem edilmegine gönükdirilýär.

2021-nji ýylyň awgustynda ABŞ ýolbaşçylygyndaky halkara güýçleriniň Owganystandan çekilmeginiň yz ýany, “Talyban” toparynyň Kabulda häkimiýeti ele geçirmegi bilen, owgan halkynyň, şol sanda bu ýurtda ýaşaýan etniki türkmenleriň durmuş şertleri üýtgedi.

Daşary ýurt hökümetleri we halkara guramalary tarapyndan ykrar edilmedik “Talyban” ýolbaşçylygyndaky owgan hökümeti ynsan hukuklaryny, şol sanda aýal-gyzlaryň hukuklaryny, söz we metbugat azatlygyny berk çäklendirmekde tankyt edildi.

Goňşy döwletleriň ençemesi, şol sanda Türkmenistan özleriniň günorta goňşusy bilen gatnaşyklary aram tutdy, ýurduň täze dolandyryjylary bilen umumy dil tapmaga çalyşdy. Ýöne bu ýurtda ýaşaýan türkmen ýa-da özbek azlyklarynyň aladalary agzalmady.

Dünýä Türkmenleriniň nobatdaky sany Owganystanda “Talyban” astynda ýaşaýan etniki türkmenleriň täze döwürdäki durmuş aladalaryna gönükdirilýär. Gepleşigimize ABŞ-da ýaşaýan owganystanly türkmen žurnalisti Şamerdanguly Myrady gatnaşýar.

Siziň brauzeriňiz HTML5 formatyny goldamaýar

Myrady: Türkmenleriň sesi bogulýar - DT