4 müňden 6 müňe çenli jeňçi. BMG Owganystanda we sebitde YD-niň howpy barada duýduryş berdi

Illýustrasiýa suraty

BMG-niň Howpsuzlyk Geňeşi "Yslam döwleti" toparynyň “Horasan” ganatynyň (Täjigistanda gadagan edilen) işlerine alada bildirýär hem-de "Horasan" toparyny "häzir Owganystanda we goňşy Merkezi Aziýa ýurtlarynda iň agyr terror howpunyň biri" hasaplaýar.

BMG-niň Howpsuzlyk Geňeşiniň YD-niň döredýän howpy barada beren hasabatynda, bu toparyň (olaryň maşgala agzalary bilen bilelikde) jeňçileriniň sanynyň 4 müňden 6 müňe çenli adama barabardygy aýdylýar. "Horasanyň sesi" neşiri puştu, pars, täjik, özbek we rus dillerinde, sebitdäki etniki toparlardan täze söweşijileri saýlap almak üçin propaganda ýaýradýar.

Bu görkezilýän san Owganystandaky YD agzalarynyň sany barada öň çap edilen maglumatlardan hem artykdyr. Merkezi Aziýa sebitinden käbir döwletler Owganystandaky “Horasan” jeňçileriniň we olaryň maşgala agzalarynyň sany 3,5 müňe golaý diýip hasaplaýarlar.

BMG-niň Howpsuzlyk Geňeşiniň hasabaty we onuň beýanaty 25-nji awgustda köpçülikleýin habar serişdelerine ýaýradyldy. «YD terror topary we onuň bölümleri çaknyşyk zolaklarynda we şeýle zolaklaryň golaýyndaky ýurtlarda agyr howp döretmegini dowam etdirýär» diýip, beýanatda aýdylýar. “Yragyň we Lewantyň yslam döwleti – Horasan” toparynyň operatiw ukyplarynyň artandygy habar berilýär. Olar "Talyban" döwründe öz hüjümleriniň gerimi boýunça has giňediler we halkara obýektlerini nyşana aldylar.

Sebitde YD-niň iň elhenç hüjümi şu ýylyň 30-njy iýulynda Pakistandaky «Jamiat Ulema-i-Islam» (“Yslam ruhanylarynyň Assambleýasy”) partiýasynyň kongresi geçýärkä amala aşdy. Hüjümiň netijesinde, azyndan 63 adam ölüp, 100-den gowrak adam ýaralandy.

Bu topar golaýda Kabulda bolan partlamanyň jogapkärçiligini-de öz üstüne aldy. Hüjümiň netijesinde iki adam ýogaldy, bir adam ýaralandy.

Waşingtondaky Milli goranmak uniwersitetiniň professory Ali Ahmad Jalali “Yslam söweşijileriniň” Owganystanda "Talyban" häkimiýete gelmezinden öň hem talyplar ýaly hereket edendigini Azatlyk Radiosynyň Owgan gullugyna gürrüň berdi.

«Häzir YD-niň “Horasan” toparynyň agzalary Owganystanda we Pakistanda ýerleşdirilýär. Olar "Talybanyň" hökümete garşy alyp baran söweşlerinde edişi ýaly, indi talyplar bilen deň çäreleri görýärler. Ýagny olar adamlardan hüşür-zekat we salgyt ýygnaýarlar, neşe gaçakçylygy bilen meşgullanýarlar, peýdaly gazylyp alynýan bikanun känlerden pul gazanýarlar, ilaty howp astynda saklaýarlar we guramaçylykly jenaýatçylyga baş goşýarlar. Şu wagt YD-niň edýän işleri şeýledir. Belki-de, häzir dünýäde YD-niň jeňçilerini goldap howandarlyk edýän we olara kömek berýän güýçler bardyr» diýip, Ahmad Jalali aýdýar.

YD-niň owgan ganaty Günbatarda eýýäm "ISIS-Horasan" diýlip atlandyryldy. Bu topar ilkinji gezek 2015-nji ýylda özüni yglan etdi. Toparyň işiniň esasy ýerleşýän çägi Owganystan we Pakistan bolsa-da, olar häzirki döwürdäki Türkmenistanyň, Eýranyň, Özbegistanyň we Täjigistanyň territoriýalaryny öz içine alýan gadymy Horasan welaýatyny nazarda tutýar. «YD-Horasanyň» ştab-kwartirasy Owganystanyň gündogaryndaky Nangarhar welaýatynda ýerleşýär. 2016-njy ýylyň ýanwar aýynda, ABŞ-nyň Döwlet departamenti «IG-Horasany» terror guramalarynyň sanawyna girizildi.

BMG-niň Howpsuzlyk Geňeşiniň hasabatynda, bu geňeşiň agzalary Owganystany terrorçylygy ýetişdirýän ojaga öwrülmeginiň öňüni almaga çagyrdylar hem-de "Talybany” YD-ni ýok etmek baradaky wadalaryndan ýüz öwürmezlik meselesinde höweslendirmeli" diýip, aýratyn bellediler.

Şol bir wagtyň özünde "Talyban" hökümeti BMG-niň Howpsuzlyk Geňeşiniň Owganystanda düýp tutan YD-den çykýan howp boýunça hasabatyny esassyz hasaplady. "Geçen ýyllaryň dowamynda YD-niň Owganystandaky işleri nola düşürildi, muňa garamazdan, halkara guramasy şeýle dokumentsiz we ýaramaz propagandany çap edip, oňa subutnama berip bilmeýär we guramanyň statusyny şübhe astynda goýýar" diýip, “Talybanyň” beýanatynda aýdylýar.

Gadyrly okyjy, siz Telegram we WhatsApp tilsimleriniň messenjerleri arkaly Azatlyk Radiosy bilen howpsuz ýagdaýda habarlaşyp bilersiňiz. Telefon belgileri: +420 724 168 989 we +420 773 797 383.

Türkmenistanda VPN ulgamlary arkaly işleýär. Siz şu meýl: azathabar@derweze.net we sep arkaly biziň mugt Psiphon3 VPNulgamymyzy Android ulgamlary üçin ýükläp bilersiňiz. Azatlyk Radiosy siziň şahsyýetiňiziň doly gizlinligini kepillendirýär.