Moskwadaky ýaşaýyş toplumynda partlama boldy, bir adam öldi

Moskwadaky “Alye Parusa” ýaşaýyş toplumynda bolan partlamada bir adam öldi, dört adam ýaralandy. TASS bu habary gyssagly kömek gullugyna salgylanyp berdi.

“Kommersant” ejir çekenleriň sanynyň bäş adama ýetendigini ýazýar.

Ejir çekenleriň biri rus häkimiýetleri tarapyndan döredilen "KHDR" boks federasiýasynyň "prezidenti" we "Arbat" batalýonynyň esaslandyryjysy Armen Sarkisýan.

Hukuk goraýjy guramalar "Interfaks" habar gullugyna partlamada Armen Gorlowskiý ady bilen hem tanalýan Armen Sarkisýanyň ölendigini aýtdylar.

Bu waka sagat 9: 45-de Awiatsionnaýa köçesindäki 77-nji binanyň girelgesinde boldy.

Binanyň ýaşaýjylary “Sever.Realii” neşirine wakanyň bolan ýerine birnäçe tiz kömek toparynyň we ýangyn söndüriji ulagyň gelendigini aýtdylar.

Goňşy jaýda ýaşaýan bir adam “Maşa” neşirine güýçli partlamanyň bolandygyny we goňşy binada ýangyn duýduryşynyň işländigini aýtdy.

Ukrain kanallary Sarkisýanyň 2014-nji ýyldan soň separatistlere goşulandygyny we Donetsk sebitinde ukrain ukrain urus ýesirleriniň gynalan türmeleriniň käbirine gözegçilik edendigini aýdýarlar.