Putiniň Ukraina çozulmagyna gatnaşanlara we olaryň maşgala agzalaryna pasport berilmegine rugsat berýän kararyna esaslanyp, Russiýa 2024-nji ýylyň başyndan bäri 3,344 daşary ýurtla raýatlyk berdi diýip, Içeri işler ministrliginiň resmi wekili Irina Wolk aýtdy.
Wolkyň habarynda bu görkezijiniň diňe harby işgärlere degişlidigi ýa-da olaryň ýakynlaryny hem öz içine alýandygy aýdylmaýar.
Putin rus goşuny ýa-da Russiýa tarapdar harby bölümler bilen ýyllyk şertnama baglaşýan harby işgärleriň raýatlyga alynmagyna rugsat berdi. Bu hili kanun 2022-nji ýylda kabul edildi.
Şeýle-de, Ukraina bilen aradaky uruş wagtynda Russiýa harby gulluga ýazylmakdan boýun gaçyran raýatlaryň raýatlygynyň ýatyrylmagyna rugsat berýän kanunlary kabul etdi. Içeri işler ministrligi sentýabr aýynda bu kanunyň durmuşa geçirilip başlanandygyny habar berdi.
Mundan başga, raýatlyk alanlaryň raýatlykdan mahrum edilmegine getirip biljek ýagdaýlaryň sanawy üzül-kesil uzaldyldy.
Wolk 2024-nji ýylyň ilkinji sekiz aýynda raýatlyk alanlaryň 1111 sanysynyň raýatlygyny ýitirendigini aýtdy.