2025-nji ýylda geçiriljek prezident saýlawlaryny "durnuksyzlaşdyrmak" synanyşyklaryna garşy kömek sorasa, Moskwa Minskä kömek berer diýip, Russiýanyň Belarusdaky ilçisi Boris Gryzlow aýtdy.
Gryzlow Russiýanyň "Nowosti" habar gullugy bilen söhbetdeşlikde "Belarusyň hukuk goraýjy edaralarynyň işgärleri we ýörite gulluklary ‘wakalaryň bolýan ýerinde’ goşmaça kömege mätäç bolar diýmäge esas ýokdugyny" aýtdy.
Ýöne, zerur bolsa, iň ýakyn ýaranymyz we strategiki hyzmatdaşymyz muny sorasa, öz borçnamalarynyň çäginde, Russiýa oňa hökman kömek we goldaw berer" diýip, ol sözüniň üstüni ýetirdi.
Gryzlow Russiýa bilen Belarusyň öňdäki ses berişlikden öňem "potensial howp" diýilýän meseledäki aňtaw maglumatlaryny paýlaşýandyklaryny aýtdy.
Belarusda bäş ýyl ozal geçirilen soňky prezident saýlawy, awtoritar lider Aleksandr Lukaşenkanyň ýeňiji diýlip yglan edilmegi bilen, köpçülikleýin nägilelikleriň döremegine sebäp boldy.
Oppozisiýa bu ses berişligiň galplaşdyrylandygyny öňe sürdi.