Mollalar Gurbanlyk sadakalarynyň ‘dilegçilere däl-de, metjitlere berilmegini’ ündeýär

Baýram namazyna gabat, metjitleriň öňünde dilegçilik edýänler hem jemlendi. (arhiw suraty)

Türkmenistanda Gurban baýramynyň birinji gününde okalan baýram namazyna gabat, gurpdan düşen adamlar hem haýyr-sahawat umydy bilen metjitlere geldiler.

Emma häkimiýet başyndaky Berdimuhamedowlaryň jan-saglygyna doga-dileg etmegi hem ündeýän mollalar, dindarlardan sadakalaryny “el serýän adamlara” däl-de, metjidiň özünde dikilen sandyklara oklamagy soradylar.

Türkmenistanda Eid al-Adha ýa-da Gurban baýramy bu ýyl 28-30-njy iýun aralygynda, ýagny üç günläp bellenilýär. Prezident Serdar Berdimuhamedowyň gol çeken karary esasynda baýramçylyk günleri iş güni däl diýlip yglan edildi.

Baýram mynasybetli 28-nji iýunda irden metjitlerde okalan namazlara degişlilikde az adamyň gelendigine üns çekilýär.

Aşgabatdaky habarçymyz paýtagtyň "Hezreti Omar", “Döwletmämmet Azady” adyndaky metjitlerine, şeýle-de Gökdepedäki metjide, öňki ýyllar bilen deňeşdirilende, has az adamyň jemlenendigini aýtdy. Ol ozallar baýramda dindarlaryň metjitileriň içine hem sygman, howlularda namaza durmaly bolandyklaryny ýatlatdy.

Şular ýaly ýagdaýlary ýurduň beýleki künjeklerindäki habarçylarymyz hem tassyklaýarlar.

Prezident Berdimuhamedow öz gutlagynda, Gurban baýramynyň “giňden we dabaraly bellenjekdigini”, “saçaklaryň giňden ýazyljakdygyny” öňe sürdi.

Degişli maglumat Baýramyň öňüsyrasynda, gök-bakja önümleriniň bahalary gymmatlady

Emma ýurtdaky dowam edýän ykdysady we maliýe krizisiniň ýitileşmegi, iş orunlarynyň kemeldilmegi netijesinde artan işsizlik hem bu ýylky Gurban baýram dabaralaryna öz düzedişlerini girizdi.

Habarçylarymyz baýram namazyna gabat, metjitleriň gapylarynyň öňünde dilegçilik edýän adamlaryň hem jemlenendigini gürrüň berdiler.

Alty ýyldan gowrak wagt bäri dowam edýän ykdysady krizis ýurtda el serýänleriň, zibil dörýänleriň, ten söwdasy bilen meşgullanmaga mejbur bolýanlaryň we öýsüz raýatlaryň hem köpelmegine getirdi.

“Balkan welaýatynyň Balkanabatdaky baş metjidinde ir sagat 06:10-da baýram namazy okaldy. Ýöne daňdandan bäri eýýäm metjidiň gapysynda köne, ýyrtyk egin-eşikli dilegçiler, şol sanda aýallar we çagalar ellerini serip durdular. Olaryň sany onlarçady. Polisiýa olary häli-şimdi dargatma synanyşsa-da, olar golaý-goltumdaky başga bir ýerlerde täzeden jemlenişip, bu mukaddes günde dindarlardan ‘çörek puly’ soraýardylar” diýip, ýerli ýaşaýjylaryň biri 28-nji iýunda şaýat bolan ýagdaýlaryny gürrüň berdi.

Ol polisiýa bilen birlikde, metjidiň mollalarynyň hem dilegçilere garşy çykyş edendiklerini belledi.

“Mollalar dindarlardan sadaka pullaryny dilegçilere däl-de, diňe metjidiň özünde gurnalan demir sandyklara oklamalydygy barada ündew etdiler. Olar bu talabyny dini taglymatlar bilen delillendirmediler. Bu çagyryş namaza gelenleriň köpüsinde nägilelik döretdi. 2,5 ýyl töweregi ozal açylan millionlarça dollarlyk bu metjidiň kölegesinde, el serip duran aýallary we çagalary synlamak diýseň agyrdy” diýip, söhbetdeşimiz habarçymyza gürrüň berdi.

Bu ýagdaýlar boýunça dünýäniň iň bir ýapyk döwletleriniň biriniň müftüliginden kommentariýa almak başartmady.

Emma Gurban baýramy, diňe bir doly gurpdan düşen ýaşaýjylaryň däl, eýse gazanç çeşmesi bolan hojalyklaryň hem, ‘uzak wagtyň içinde ahyrsoňy doka-garyn iýmitlenmek’ boýunça umytlanmagyna esas berdi.

Degişli maglumat Türkmen polisiýasy sakgal goýberen ýaş raýatlaryň sakgalyny syrýar

Türkmen halkynyň arasynda däp bolan urp-adatlara görä, Gurban baýramynda türkmenistanlylar esasan et önümlerinden bişirilýän nahar taýýarlap, olary dogan-garyndaşlaryna, tanyş-bilişlerine we goňşy-golama hödür-kerem edýär, köpçüligi çagyryp söwüş edýär.

Emma baýramyň öňüsyrasynda ýurduň bazarlarynda azyklaryň, şol sanda gök-bakja, et önümleriniň hem bahalary gymmatlady. Mysal üçin, Lebapda mundan iki hepde ozal 20 kg töwereklerindäki bir goýun 1 müň 200 manatdan bahalanan bolsa, 25-nji iýunda onuň nyrhy eýýäm 1 müň 900 manat boldy. Aşgabatdaky habarçymyz gurbanlyk goýnuň bahasynyň ortaça 1 müň 200 manatdygyny, emma olaryň geçen ýylkylara garanyňda has hordugyny belledi.

Aşgabatda Gurban baýramy mynasybetli satuwa çykarylan mallar

Habarçylarymyz bilen söhbetdeş bolýan ýaşaýjylaryň aglabasy azyk harytlarynyň gymmatçylygy sebäpli, gurbanlyk sadakasyny bermäge özleriniň gurbunyň çatmaýandygyny aýdýar. Et önümlerini asla almaga ýagdaýy bolmadyk käbir hojalyklar bolsa, gurbanlyk üçin soýulýan mallaryň etleriniň paýlanmagyna ýörite garaşýarlar.

“Goýun satyn alyp, gurbanlyk sadakasyny bermek aňyrda dursun, gündelik çöregimiz alada bolup dur. Şol sebäpli, ýagdaýy çatýan goňşularymyzyň goýun soýup, paýlamagyna garaşýarys. Gapymyz çalynsa, birden duşdan geçiräýämeli diýip, ýörite birini nobatçy edip hem goýýarys. Bu bolşumyza namys edýäris, utanýarys. Emma bir ene hökmünde çagalarymyň baýramçylykda kemsinip oturmagyny görmek has köp agyr degýär” diýip, türkmenabatly ýaşaýjylaryň biri 28-nji iýunda habarçymyza gürrüň berdi.

Ol käbir hojalyklaryň gurbanlyk üçin soýan malynyň etini ýeter-ýetmez maşgalalara paýlamagy saýlasalar, aglaba ýaşaýjylaryň muny diňe öz ýakyn garyndaşlarynyň arasynda amal edýändigini sözüne goşdy.

Türkmenistan ABŞ-nyň dini azatlyklar boýunça hasabatynda 2014-nji ýyldan bäri yzly-yzyna “aýratyn alada bildirilýän” ýurtlaryň hatarynda galýar.

Gadyrly okyjy, siz Telegram we WhatsApp tilsimleriniň messenjerleri arkaly Azatlyk Radiosy bilen howpsuz ýagdaýda habarlaşyp bilersiňiz. Telefon belgileri: +420 724 168 989 we +420 773 797 383.

Türkmenistanda VPN ulgamlary arkaly işleýär. Siz şu meýl: azathabar@derweze.net we sep arkaly biziň mugt Psiphon3 VPN ulgamymyzy Android ulgamlary üçin ýükläp bilersiňiz. Azatlyk Radiosy siziň şahsyýetiňiziň doly gizlinligini kepillendirýär.