Moldowanyň Günbatara tarapdar lideri Maýa Sandu ikinji möhlete prezident saýlandy

Moldowanyň prezidenti Maýa Sandu

Russiýanyň gatyşmagy we saýlaw galplyklary baradaky aýyplamalara garamazdan, Moldowanyň Günbatara tarapdar prezidenti Maýa Sandu ikinji möhlete prezident saýlandy. Onuň ýeňşi ýurduň Ýewropa Bileleşigine goşulmak ugrundaky ýolunda äden aýgytly ädimi boldy.

Sesleriň tasdan ählisiniň sanalmagy bilen, deslapky netijeler Sanduyň 55,4% ses alandygyny, onuň Russiýa bilen dostlukly gatnaşyk saklaýan garşydaşy Aleksandr Stoýanoglonyň 44,6% ses alandygyny görkezdi.

"Moldowa, sen ýeňdiň!" diýip, Sandu 4-nji noýabr güni irden aýtdy.

"Eziz moldowalylar, siz bu gün taryh kitaplaryna ýazylmaga mynasyp demokratiýa sapagyny berdiňiz. Siz bu gün Moldowany halas etdiňiz! Biziň mertebeli geljegi saýlamakdaky seçgimizde hiç kim utulmady" diýip, ol sözüniň üstüni ýetirdi.

Moldowa Sanduyň ilkinji möhletinde, 2022-nji ýylda ÝB-ne dalaşgär statusyny aldy we şu ýylyň başynda, gündogar goňşusy, 2022-nji ýylda Russiýanyň sebäpsiz çozuşyna sezewar bolan Ukraina bilen berk ýaran bolup, ÝB-niň Russiýa garşy sanksiýalar düzgünine goşulanyndan soň, bileleşige goşulmak gepleşiklerini açdy.

Günbatar liderleri Sanduyň ýeňşini gutladylar we munuň Moldowanyň Ýewro-Atlantik integrasiýasyna barýan ýoluny gowulandyrmaga kömek etjekdigini bellediler.

Ýewropa Komissiýasynyň prezidenti Ursula fon der Leýen X platformasynda ýerleşdiren beýanatynda saýlawda gazanylan netijäni gutlady.

"Gadyrly Maýa Sandu, şu gijeki ýeňşiňiz bilen gutlaýarys. Bu saýlawda ýüzbe-ýüz bolan synaglaryňyzy ýeňip geçmek üçin seýrek duşýan gujur-gaýrat gerek" diýip, Fon der Leýen ýazdy. "Moldowa we onuň halky üçin Ýewropa geljegi ugrunda işlemegimi dowam etdirmäge şat” diýip, ol sözüniň üstüni ýetirdi.

Ukrainanyň prezidenti Wolodymyr Zelenski hem Sanduyň ýeňşini gutlap, X platformasynda moldowalylaryň Günbatar integrasiýasy ugry boýunça "aýdyň karara gelendigini" aýtdy.

"Maýa Sanduy Moldowada geçirilen prezident saýlawynda gazanan ýeňşi bilen gutlaýarys. Ukraina Moldowanyň halkynyň Ýewropa saýlawyny goldaýar we öz hyzmatdaşlygymyzy berkitmek üçin bilelikde işlemäge taýýar" diýip, Zelenski aýtdy.

Fransiýanyň prezidenti, Moldowanyň ÝB ýoluny berk goldaýan Emmanuel Makron X-da Sanduyň gazanan netijesini gutlap, "demokratiýa ähli päsgelçiliklerden we öwrümlerden üstün çykdy" diýdi.

Germaniýanyň kansleri Olaf Şolz X-da eden beýanatynda Sanduyň "Moldowa Respublikasyny kyn döwürde sag-aman alyp barandygyny we öz ýurduny Ýewropa ugruna çykarandygyny" aýtdy. "Biz bu meselede Moldowanyň tarapynda durýarys" diýip, ol sözüniň üstüni ýetirdi.

Polşanyň premýer-ministri, Ýewropa Geňeşiniň öňki prezidenti Donald Tusk, Moldowanyň günbatar goňşusy, ÝB we NATO agzasy Rumyniýanyň premýer-ministri Marsel Ciolaku hem Sanduy ilkinji bolup gutlanlara goşuldy.

Moldowanyň köp bölegi tä Ikinji jahan urşy gutarýança Rumyniýanyň bir bölegi bolupdy we köp moldowaly rumyn raýatlygyna hem eýe bolup durýar. Bu olara ÝB-ne erkin syýahat etmäge we ol ýerde işlemäge mümkinçilik berýär.

Russiýa tarapdar Sosialistler tarapyndan goldanýan öňki baş prokuror Stoianoglo, uly şäherlerden we Moldowanyň Günbatar diasporasyndan berlen sesler sanalýan wagtynda öňe saýlanýandygy aýdylanda, öz tarapdarlaryny köşeşmäge çagyrdy.

"Demokratiýa, ilkinji nobatda, netijäni kabul edip bilmek üçin kämillik diýmekdir" diýip, ol aýtdy.

Merkezi saýlaw komissiýasy saýlawa gatnaşygyň 54 göterimden geçendigini, onuň birinji tapgyra garanyňda has güýçli bolandygyny we 2020-nji ýyldaky prezident saýlawlaryndan has ýokary bolandygyny habar berdi.

Merkezi saýlaw komissiýasynyň maglumatyna görä, daşary ýurtly ses berijiler Sandua, iş başyndaky prezidente 81%, onuň bäsdeşine 19% ses berdiler. Paýtagt Kişinýowda Sandu 57%, onuň garşydaşy 43% ses aldy.

Ýewropanyň iň garyp ýurtlarynyň biri bolan Moldowada, diasporadakylary hem goşmak bilen, 3 milliondan gowrak hasaba alnan saýlawçy bar. Şeýle-de, bu ýurduň saldamly rus azlygy bar, olar Dniester derýasynyň çep kenarynda ýerleşýän Transdniesterde, Moskwa tarapyndan goldanýan separatist sebitide ýaşaýar.

ABŞ-da bilim alan, Bütindünýä bankynyň öňki işgäri, 52 ýaşly Sandu 2020-nji ýyldaky saýlawda ÝB ugry we korrupsiýa garşy göreş wadalary bilen öňe saýlanyp, uly ýeňiş gazandy we Moldowanyň ilkinji aýal prezidenti boldy.

Gagauziýaly, Moldowanyň Russiýa meýilli türki dilli awtonom sebitinden bolan 57 ýaşly Stoianoglo kanun we düzgün-tertip wadalaryna daýanýan kampaniýa gurady. Tankytçylar ony wezipede bolan döwründe ýokary derejeli korrupsiýany jylawlap bilmezlikde aýypladylar.