Metbugat: “Türkmengaz” Derweze gaz ojagynyň oduny öçürýär

“Türkmengaz” döwlet konserniniň hünärmenleri Garagumda onlarça ýyl bäri ýanyp duran açyk gaz ýatagynyň oduny öçürýärler diýip, “Biznes Türkmenistan” neşiri Russiýanyň TASS habar gullugyna salgylanyp ýazýar.

Döwlet konserniniň Ylmy-barlag tebigy gaz institutynyň barlaghanasynyň müdiri Irina Lurýewanyň TASS neşirine aýtmagyna görä, açyk gaz ojagy “ýörite işlenip taýýarlanylan usul arkaly” öçürilýär we Türkmenistan gaz kraterinden çykýan zyňyndylary dolandyrmakda “örän uly ösüşleri gazandy”.

Habarda anyklaşdyrylman aýdylmagyna görä, bu usul “kratere tarap barýan gaz akymynyň gutarmagyna getirer”.

“Biz ähli gaz goruny bar bolan guýular arkaly gazyp alarys” diýip, Irina Lurýewa rus habar gullugyna aýdypdyr.

Onuň tassyklamagyna görä, bu usulyň ulanylmagy eýýäm kraterden çykýan metan zyňyndylarynyň düýpli azaldylmagyny gazanmaga mümkinçilik beripdir.

Azatlyk bu habarda aýdylýanlary garaşsyz ýagdaý tassyklap bilmeýär.

Ýarym asyrdan bäri ýanyp duran Derweze gaz krateri Aşgabatdan 266 kilometr daşlykda, Merkezi Garagumda ýerleşýär we Türkmenistan howa zyýanly galyndylary iň köp syzdyrýan ýurtlaryň biri hökmünde tankyt edilýär.

Degişli maglumat Aşgabat metan syzmalary boýunça açyk hasabat bermeli bolar