Metbugat: Aşgabat, Astana arasyndaky söwda dolanyşygy $563 milliondan geçdi

Ýük maşynlary. Arhiw suraty

Türkmenistan bilen Gazagystanyň arasyndaky söwda dolanyşygy 2023-nji ýylda 563,06 million ABŞ dollaryna deň boldy diýip, “Biznes Türkmenistan” Gazagystanyň Milli statistika býurosyna salgylanyp habar berýär.

Neşiriň ýazmagyna görä, bu görkeziji söwda dolanyşygynyň 2022-nji ýyl bilen deňeşdirilende 28% ýokary bolandygyny aňladýar.

Bu döwürde Gazagystan 165,88 million ABŞ dollaryna barabar bolan türkmen önümlerini import edip, 2022-nji ýyl bilen deňeşdirilende 68% (98,33 million ABŞ dollary) ösüş gazanypdyr.

Şeýle-de, geçen ýyl Gazagystanyň Türkmenistana eksporty 397,178 million ABŞ dollaryna barabar boldy, bu görkeziji, 2022-nji ýyl bilen deňeşdirilende, 17% (340,35 million ABŞ dollary) ösüş gazanylandygyny aňladýar.

2023-nji ýylyň mart aýyndaky görkezijilere görä, Türkmenistanda gazak kompaniýalarynyň gatnaşmagynda 53 sany maýa goýum taslamasy hasaba alyndy diýip, habarda anyklaşdyrylman aýdylýar.

Şeýle-de, bu iki ýurduň şu ýylyň ýanwar aýynda Baku-Tbilisi-Jeýhan (BTJ) turbageçirijisi arkaly üstaşyr geçiren nebitiniň umumy mukdarynyň 17,3% artandygy habar berilýär.

“Biznes Türkmenistanyň” “Interfaks-Azerbaýjan” agentliginiň Azerbaýjanyň Döwlet statistika komitetine salgylanyp ýazmagyna görä, üstaşyr geçirilen türkmen we gazak nebitiniň “paýy 430,8 million tonna ýetdi”.

“Hasabat döwründe Baku-Tbilisi-Jeýhan (BTJ) turbageçirijisiniň üsti bilen daşalan nebitiň umumy mukdary 2,48 million tonna deň boldy, bu görkeziji, 2023-nji ýylyň ýanwar aýy bilen deňeşdirilende, 1,9 göterim ýokarydyr” diýip, habarda bellenýär.