Metan zyňyndylary bilen tanalýan Türkmenistanda Polisiýanyň ýol gözegçiligi gullugy we “Türkmenstandartlary” baş döwlet gullugy awtoulaglardan çykýan kömürturşy gazyny we beýleki zyýanly zyňyndylary “çäklendirmek tagallalaryny” güýçlendirýär.
Şu günler ýurt boýunça “Ýol hereketiniň howpsuzlygy – ömrümiziň rahatlygy” biraýlygy dowam edýän mahaly, PÝGG işgärleri paýtagt Aşgabadyň köçelerinde, hususan-da, köne awtoulaglary saklap, “Türkmenstandatlary” baş döwlet gullugynyň işgärleri bilen bilelikde ulaglaryň tüsse çykaryjylaryndan çykýan kömürturşy gazynyň möçberlerini barlaýarlar. Sowetler döwründe öndürilen “Žiguli” we “Moskwiç” kysymly ulaglar köplenç häkimiýetleriň nyşanasyna öwrülýär.
“Awtoulaglaryň tüsse çykarlaryndan çykýan kömürturşy gazynyň mukdary kadadan ýokary bolsa, ulagyň eýesine 400-500 manat aralygynda jerime ýazylýar we ulagy dolandyrýan adamyň sürüjilik şahadatnamasy elinden alynýar” diýip, bir sürüji golaýda Azatlyk Radiosynyň habarçysyna gürrüň berdi.
Jerime tölegleri tölenilenden soňra, PÝGG sürüjiniň şahadatnamasyny yzyna gaýtaryp berýär.
Degişli maglumat Türkmenistanda bir sagatda “67 million ulagyň çykarýan zyňyndylaryna deň” metan howa syzdy“Köne awtoulaglardan howa zyňylýan kömürturşy gazy hemişe artykmaç bolýar. Bu hem jerime ýazylmagyna esas bolup, döwletiň gaznasyna girdeji bolýar” diýip, sürüji sözüniň üstüni ýetirdi.
Awtoulaglardan çykýan zyňyndylaryň mukdary ölçenilende ulaglaryň daşky gurşawa ýetirýän täsirini kesgitleýän enjamlardan peýdalanylýar.
Türkmenistanda 1-nji sentýabr – 30-sentýabr aralygynda dowam edýän ýol howpsuzlygynyň biraýlygynda Polisiýanyň ýol gözegçiligi gullugynyň barlag işleri ýygjamlaşýar.
“Türkmenstandartlary” baş döwlet gullugy ýurtda standartlaşdyryş, sertifikatlaşdyryş, akkreditirleýiş, metrologiýa, hil-barlag we ýerarsy baýlyklary goramak hem-de senagat howpsuzlygy bilen bagly wezipeleri ýerine ýetirýär.
Bu aralykda, Türkmenistan nebit-gaz desgalaryndan syzylyp çykýan köp mukdardaky metan zyňyndylary bilen tanalýar. “The Guardian” neşiri şu ýylyň martynda halkara emeli hemra barlaglaryna salgylanyp, Hazar deňziniň türkmen kenarynda ýerleşýän möhüm ýangyç desgasyndan howa syzylan zyýanly metan gazynyň möçberiniň 67 million ulagyň çykarýan zyňyndylaryna deň bolandygyny habar berdi.
Howanyň üýtgemegi bilen bagly global aladalaryň arasynda halkara jemgyýetçiligi klimat krizisiniň öňüne geçmek tagallalarynyň çäklerinde atmosfera zyňylýan zyýanly gazlary, şol sanda metan zyňyndylaryny azaltmak tagallalaryny güýçlendirýär.
Dünýäniň 200-den gowrak ýurdy, şol sanda Türkmenistan 2015-nji ýylda daşky gurşawy aýawly saklamaga, zyňyndy gazlary azaltmaga gönükdirilen Pariž ylalaşygyna goşuldy. 2021-nji ýylyň noýabr aýynda Britaniýanyň Glasgow şäherinde geçirilen klimat konferensiýasynda Bütindünýä metan borçnamasy kabul edildi we dünýäniň 150-den gowrak ýurdy metan zyňyndylaryny azaltmaga gönükdirilen global borçnamasyna goşuldy. Ýöne ykdysady taýdan ýangyç-energetika pudagyna garaşly galýan Türkmenistan Bütindünýä metan borçnamasyna heniz goşulmady.
Bu borçnamanyň çäginde 2030-njy ýyla çenli global metan zyňyndylarynyň möçberlerini 2020-nji bilen deňeşdirilende 30 göterim azaltmak göz öňünde tutulýar. Metan gazy atmosferany hapalaýan iň esasy zyňyndylaryň biri bolup, howanyň global temperaturasynyň ýokarlanmagyna goşant goşan iň esasy zyýanly gazlaryň biri hökmünde görkezilýär.
Siziň brauzeriňiz HTML5 formatyny goldamaýar
“Bloomberg” neşiri 14-nji sentýabrda çap eden habarynda dünýädäki nebit-gaz desgalaryndan syzylyp çykýan metan zyňyndylarynyň Birleşen Milletler Guramasyna hasabat berilýän sanlardan 30 göterim ýokary bolandygynyň çaklanýandygyny habar berdi.
Habarda milletler guramasyna hasabat berilýän sanlar bilen hakyky sanlaryň arasyndaky iň köp ara tapawudyň ABŞ, Russiýa, Türkmenistan we Wenesuella hasabatlarynda duş gelinýändigi aýdylýar.
Türkmenistanyň hökümeti iýun aýynda Bütindünýä metan borçnamasyna goşulmak meselesini öwrenmäge gönükdirilen halkara hyzmatdaşlygyny ösdürmek boýunça “Ýol kartasyny” tassyklady.
Türkmen häkimiýetleri awtoulaglardan çykýan kömürturşy gazyny çäklendirmek çärelerini daşky gurşawa aýawly çemeleşmek tagallalary bilen düşündirýärler.
Hünärmenlere görä, ortaça ýeňil awtoulag takmynan her 1,5 kilometrde 400 gram töweregi kömürturşy gazyny bölüp çykarýar. Zyňyndy gazlaryň mukdary ulagyň öndürilen ýylyna görä, ep-esli tapawut edip bilýär.
Awotulag öndürýän iri halkara kompaniýalar soňky ýyllarda ýangyç bilen işleýän awtoulaglara derek, elektrik energiýasy bilen işleýän awtoulaglary öndürmek taslamalaryna has köp ünsi gönükdirýärler.
Şol bir wagtda, halkara jemgyýetçiligi klimat krizisiniň öňüne geçmek tagallalarynyň çäklerinde, soňky ýyllarda daşky gurşaw habarlylygyny ýokarlandyrmak boýunça wagyz-nesihat we düşündiriş işlerini ýaýbaňlandyrýar.
Gadyrly okyjy, siz Telegram we WhatsApp tilsimleriniň messenjerleri arkaly Azatlyk Radiosy bilen howpsuz ýagdaýda habarlaşyp bilersiňiz. Telefon belgileri: +420 724 168 989 we +420 773 797 383.
Türkmenistanda VPN ulgamlary arkaly işleýär. Siz şu meýl: azathabar@derweze.net we sep arkaly biziň mugt Psiphon3 VPN ulgamymyzy Android ulgamlary üçin ýükläp bilersiňiz. Azatlyk Radiosy siziň şahsyýetiňiziň doly gizlinligini kepillendirýär.