Merkezi Aziýanyň Günbatar, Hytaý hem Russiýa üçin ähmiýeti artýarmy? Merkezi Aziýa boýunça bilermenler bilen interwýu

Merkezi Aziýa ýurtlarynyň liderleri we Ýewropa Bileleşiginiň prezidenti Çarlz Mişel Çolpon-Ata şäherinde geçirilen «Merkezi Aziýa – Ýewropa Bileleşigi» sammitinde. 2023-nji ýylyň 2-nji iýuny.

«Merkezi Aziýa Ýewropa bileleşigi» sammiti Ukrainada barýan urşuň we Russiýa garşy sanksiýalaryň fonunda bolup geçdi. Käbir ekspertleriň bellemegine görä, häzirki wagtda sebitiň ähmiýeti belli derejede artýar, emma adam hukuklary meselesi söwda we logistika taslamalarynyň kölegesinde galýar.

Azatlyk Radiosynyň Gyrgyz gullugynyň žurnalisti Merkezi Aziýa boýunça bilermen we žurnalist Brýus Panniýer, şeýle hem Londondaky Daşary syýasat barlaglary merkeziniň wekili Fransisko Olmos bilen söhbetdeş boldy.

Fransisko Olmos

Fransisko Olmos şu formatdaky sammitiň ilkinji gezek ýedi aý mundan ozal bolandygyny, sebitiň liderleriniň 9-njy maý baýramy mynasybetli Moskwada Orsýetiň prezidenti Wladimir Putin bilen duşuşandygyny, yz ýany Hytaýda Si Jinping tarapyndan geçirilen maslahaty ýatlap geçdi.

Olmosyň pikirine görä, Russiýada we Hytaýda geçirilen duşuşyklardan birnäçe hepde geçenden soň, Çolpon-Ata şäherinde amala aşan Ýewropa Bileleşiginiň ýolbaşçysy bilen sebitiň ýolbaşçylarynyň duşuşygy sebitiň häzirki geosyýasy ýagdaýynda gün-günden artýan ähmiýetini görkezýär:

«Elbetde, Ukrainadaky uruş sebäpli Merkezi Aziýa Ýewropa Bileleşiginiň üns merkezinde durýar. Brýusselde bu sebitiň ileri tutulýan ugurlaryň biri bolandygyny aýdyp bilmen. Ýöne indi, meniň pikirimçe, uruş sebäpli ýagdaý üýtgedi. Mysal üçin, Moskwa garşy girizilen sanksiýalar we olaryň amala aşyrylmagy meselesi barada gürrüň edip bileris. Ikinjiden, syýasy ýagdaýa hem üns bermek zerurdyr. Ýewropa Bileleşigi Merkezi Aziýa döwletleriniň Orsýetiň tarapyna doly geçmegini islemeýär. Elbetde, olaryň öz daşary syýasaty bar, ony kesgitlemek babatynda, olar Brýussele bil baglamaly diýip bilmeris. Men syýasy derejede hem sebite üns berilýär diýmek isleýärin. Galyberse-de, uruş sebäpli ünsden düşürilen käbir taslamalary-da ýatdan çykarmaly däldiris.

Mundan ozal käbir uzak möhletleýin energetika we logistika taslamalary işe girizilipdi. Uruş bizi olara has köp üns bermäge mejbur edýär. Gündogar bilen Günbatary birleşdirmekde, Russiýadan sowa geçýän logistika ýollaryny gurmakda, Merkezi Aziýa aýgytly rol oýnaýar. Öň Russiýanyň nebitini we gazyny import edýän Birleşik başga çeşmeleri tapmagy niýet edinýär. Bu ugurda Merkezi Aziýa möhüm ähmiýete eýe bolup biler. Diňe öz bähbidini nazarda tutýan pikirlere garamazdan, «Transhazar» gaz geçirijisiniň gurluşygyna bolan gyzyklanma täzeden orta geldi. Şeýle hem Gazagystanyň öz önümlerini şu ýyl Hazar deňziniň üsti bilen Rumyniýa ugradyp başlandygyny görýäris. Bu ýerde gürrüň çäkli möçber barada barsa-da, ýöne Bileleşik alternatiw çeşmelere üns berýär. Umuman, Russiýanyň Ukrainada urşa başlamazyndan öňki döwür bilen deňeşdireniňde, Brýussel üçin sebitiň syýasy, söwda, energetika, logistiki ähmiýeti artýar» diýip, Olmos aýdýar.

Brýus Panniýer

Brýus Panniýer hem iki ýyl töweregi mundan ozal Ýewropa Bileleşiginiň Merkezi Aziýa bilen hyzmatdaşlygyň täze programmasyny yglan edendigini ýatlady. Onuň çäklerinde bölünip berlen 2 milliard ýewro, esasan, ýaşyl energiýa ulgamyndaky taslamalara gönükdirildi.

«Ýewropa Bileleşiginiň Merkezi Aziýa üçin ýerli ilata bähbitli boljak uzak möhletli taslamalary teklip edýändigini belläp bolar. Şoňa görä-de, gün, ýel elektrik beketleri ýa-da şuňa meňzeş kärhanalar gurulýar. Bu taslamalar tamamlanandan soň, ýurtlaryň Bileleşige agyr bergileri bolmaz. Russiýa Ukraina garşy uruş başlanyndan bäri Ýewropa Bileleşigi Orsýetiň territoriýasyndan sowa geçýän täze söwda ýollaryny tapmaga çalyşýar. Bileleşik Hytaýy we Ýewropany birleşdirýän ýoluň Merkezi Aziýadan we Kawkazdan geçmegini isleýär. Bu ugurda käbir işler alnyp barylýar.

Muňa mysal hökmünde, «Bir guşaklyk – bir ýol» başlangyjy ýa-da 20 ýyl mundan ozal Aziýanyň Ösüş banky tarapyndan işlenip taýýarlanylan Merkezi Aziýa sebitleýin ykdysady hyzmatdaşlyk maksatnamasy barada aýdyp bolar. Infrastrukturanyň käbir ugurlary eýýäm bar, Ýewropa Bileleşigi bu ulgamy giňeltmäge kömek etmäge çalyşýar. Mysal üçin, ol hyzmatdaşlygyň düzüm böleginiň biri Hytaý-Gyrgyzystan-Özbegistan demir ýoly bolar. Demirýol aralykda geçýän wagty düýpli azaltmaga mümkinçilik berer. Meniň pikirimçe, Ýewropa Bileleşigi şeýle taslamany goldap biler. Şoňa görä Merkezi Aziýa bilen Ýewropanyň arasyndaky gatnaşyklary pugtalandyrmaga, şeýle hem sebitiň üsti arkaly Ýewropa bilen Hytaýyň aragatnaşygyny berkitmäge synanyşyk edilýär» diýip, Brýus Panniýer aýdýar.

Çolpon-Ata şäherinde geçirilen sammitiň öňüsyrasynda, adam hukuklaryny goraýjy guramalar Ýewropa Bileleşiginiň prezidenti Çarlz Mişeli sebitdäki adam hukuklarynyň ýagdaýyny ara alyp maslahatlaşmaga çagyrdylar. Şeýle-de, adam hukuklarynyň ýagdaýyny gowulandyrmak ugrunda, anyk ädimleriň bolmagyny talap etmäge çagyryş edildi. Azatlyk Radiosynyň žurnalisti söhbetdeş bolanlardan, Merkezi Aziýada adam hukuklary meselesine we onuň ýagdaýyny gowulandyrmaga Brýusseliň nähili gyzyklanma bildirýändigi bilen gyzyklandy.

Brýus Panniýer muňa "köp gyzyklanma" bar diýip hasap edýändigini, emma adatça bu barada umumy köpçülige açyk gürrüň edilmeýändigini belledi.

«Meniň Ýewropa Bileleşiginiň Merkezi Aziýadaky soňky iki ýörite wekili bilen ýakyndan tanyşlygym bar. Olaryň adam hukuklary baradaky meseläni hemişe orta atýandyklaryny bilýärin. Brýusseldäki wekiller adam hukuklaryna hormat goýulan ýagdaýynda, adamlar dolandyryş usullaryndan kanagatlansalar, öz bähbitleriniň nazara alynýandygyny bilseler, onda jemgyýetiň has durnukly bolýandygyny, belki-de, daşarky howplara, yslam ekstremizmine garşy durmak ukyplydygyny görkezmäge çalyşýarlar. Umuman, adam hukuklary meselesi hemişe gozgaýar.

Şol bir wagtda, Ýewropa Bileleşigi Merkezi Aziýanyň ýolbaşçylaryna adam hukuklaryny goramagyň öz bähbitlerine laýykdygyny düşündirmäge çalyşýar. Galyberse-de, häkimiýetiň abraýy diňe hukuklara we azatlyklara hormat goýlanda ösýär. Elbetde, Brýussel adam hukuklary boýunça prosesleriň häzirki wagtda ters tarapa ösýändigine düşünýär. Emma bu problemanyň Ýewropa Bileleşigi üçin ileri tutulýan ugurdygyny aýtmak kyn. Habarlardan belli bolşuna görä, söwda-satyk işlerine we beýleki gatnaşyklara has köp üns berilýändigi göze ilýär. Ýöne häzir täze söwda ýollaryny gözlemek aladasy bar wagtynda, ynsan hukuklary esasy ugur bolmaýar» diýip, Panniýer belleýär.

«Şoňa laýyklykda, adam hukuklary baradaky temanyň Brýusseliň ünsüniň çäginden daşda bolmagy geň galdyrmaýar. Bu diňe bir Ýewropa Birleşiginiň çäklerinde däl, eýsem ikitaraplaýyn gatnaşyklarda hem göze ilýär. Mysal üçin, Fransiýanyň ýa-da Germaniýanyň Gazagystan ýa-da Özbegistan bilen özara gatnaşyklarynda, adam hukuklarynyň ýagdaýy gozgalmaýar ýa-da ýeterlik derejede ara alnyp maslahatlaşylmaýar. Munuň sebäbini düşündirjek bolsak, onda meniň pikirimçe, şeýle pikir bar; berk garaýşyň orta atylmak ýagdaýy ýurtlary Moskwa ýa-da Pekine has beter itekläp biler, sebäbi bu iki ýurt adam hukuklary meselesi bilen aýratyn gyzyklanmaýar. Şoňa görä-de, pragmatiki nukdaýnazardan Ýewropa Birleşigi häzir we geljekdäki hyzmatdaşlygy möhüm saýýar» diýip, Olmos hasap edýär.

Brýus Panniýer şeýle-de Orsýeti çäklendirmelerden halas etmekde berýän kömegi üçin, Ýewropa Bileleşiginiň Merkezi Aziýa ýurtlaryna sanksiýa goýmakda çynlakaý ädimleri ädip biljekdigi baradaky soraga jogap berdi.

Panniýer häzirki wagtda bu meselede Merkezi Aziýanyň basyş astyndadygyny belläp geçdi.

«Meniň pikirimçe, bu ýagdaýda köp zat köpçülikleýin habar serişdelerine bagly, olar sanksiýalardan sowa geçýän ýagdaýlary paş edip, munuň jogapsyz galmajakdygyny görkezip bilerler. Merkezi Aziýanyň wezipeli resmileriniň köpüsiniň uly biznes bilen aragatnaşyk saklaýandygyny biz örän gowy bilýäris. Sanksiýalardan sowa geçmekden, gowy gazanyp bolýar, meniň pikirimçe, bu düzgüni togtatmak çylşyrymly. Russiýa, dogrudanam, sanksiýa girizilen kompýuter çiplerini we beýleki harytlary almak isleýär, munuň üçin Moskwa köp pul hödürleýändir diýip pikir edýärin.

Goý, ol hökümet ýa-da hususy adamlar bolsun, her kim öz bähbidi üçin hereket edýär. Şonuň üçin munuň soňuna çykmak kyn. Şeýle kölegeli işleri paş etmek, munuň nähili netijelere getirjekdigi barada gürrüň etmek zerurdyr. Meniň pikirimçe, köp adam Russiýa bu uruşda ýeňlenden soň, sanksiýalaryň bozulmagy ýa-da saklamak meselesi öz ähmiýetlini ýitirer diýip pikir edýändir. Ýöne bu barada gürrüň etmek ir, uruş dowam edýär. Muňa garamazdan, Günbataryň köp sanly döwletleri Moskwa ýeňlen badyna bu meseläniň öz-özünden çözüljekdigine ynanýarlar. Häzirki ýagdaýda Merkezi Aziýa babatynda çäre görmäge mejbur edilse-de, birnäçe ýyldan bu meseläniň ähmiýetsiz ýagdaýa öwrüljekdigine umyt bar» diýip, Panniýer aýdýar.

Gadyrly okyjy, siz Telegram we WhatsApp tilsimleriniň messenjerleri arkaly Azatlyk Radiosy bilen howpsuz ýagdaýda habarlaşyp bilersiňiz. Telefon belgileri: +420 724 168 989 we +420 773 797 383.

Türkmenistanda VPN ulgamlary arkaly işleýär. Siz şu meýl: azathabar@derweze.net we sep arkaly biziň mugt Psiphon3 VPN ulgamymyzy Android ulgamlary üçin ýükläp bilersiňiz. Azatlyk Radiosy siziň şahsyýetiňiziň gizlinligini doly kepillendirýär.