«Merkezi Aziýa» ýerine «Türküstan»: Türkiýe näme sebäpden mekdepleriň taryhdan okuw meýilnamasynda sebitiň adyny üýtgedýär?

Türki Döwletler Guramasynyň döwlet baştutanlary Samarkantda geçen duşuşykda, 2022-nji ýylyň noýabry.

Türkiýe mekdepleriň taryhdan okuw meýilnamasynda "Merkezi Aziýa" adyny "Türkestan" diýip çalyşmak kararyna geldi. Amerikanyň Diplomat neşiri Ankara şeýle etmek bilen özüniň Merkezi Aziýa garaýşyny gaýtadan ugrukdyrmaga we sebite öz aýratyn geosyýasy nukdaýnazaryndan baha bermäge çalyşýar diýip ýazýar.

Ukrainada uruş başlandan soň, Russiýanyň sebitdäki täsiri gowşady, Hytaý bolsa öz täsirini «Bir guşaklyk – bir ýol» hereketiniň üsti bilen artdyrmaga çalyşýar diýip, makalanyň awtory, Günorta Koreýanyň Junbu uniwersitetiniň professory Mehmet Fatih Öztarsu hasap edýär. Ol häzirki geosyýasy ýagdaýda Ankaranyň başlangyjynyň aýratyn ähmiýetiniň bardygyny belleýär.

Makalada aýdylmagyna görä, "Türkestan" Gazagystany, Gyrgyzystany, Özbegistany, Türkmenistany we Hytaýyň Sinjiang sebitini öz içine alýar. Bu termin XIX asyrda Rus kolonizasiýasynyň öňýany giňden ulanylýardy.

Sowetler döwründe 1918-nji ýylda owal başda Merkezi Aziýada Türkestan Awtonom Sowet Sosialistik Respublikasy döredildi. Moskwa bu awtonom bütewiligiň üsti bilen sebitiň etniki toparlaryny birleşdirmäge we sosialistik ideologiýany ýaýratmaga synanyşypdy.

Ýöne eýýäm 1920-nji ýyllardan, SSSR Türkestany böleklere böldi: Gazagystan, Gyrgyzystan, Özbegistan, Türkmenistan hem Täjigistan respublikalary döredildi. Sowetler sebitiň türki etniki we taryhy birligini kiçeltmäge synanyşdy.

Häzirki wagtda Türkiýe we türki döwletleri şol taryhy bölünişiklere jogap hökmünde, "türk dünýäsi" konsepsiýasyny kabul edýärler diýip, Öztarsu ýazýar.

Awtor Türkiýäniň "Türkestan" adalgasy arkaly türki dilli halklaryň özara baglanyşygyny ýola goýmaga, umumy taryhy-medeni deňdeşligi täzeden dikeltmäge çalyşýandygyny belleýär. Türkiýäniň bilim ulgamyndaky meýilnama bu adalganyň girizilmegi Türki Döwletler Guramasynyň (oňa Türkiýe, Gazagystan, Gyrgyzystan, Özbegistan we Azerbaýjan girýär) maksatlaryna laýyk gelýär.

Ol Gurama bitewi bilim we medeni syýasaty emele getirmek üçin hereket edýär. Golaýda türki döwletler latyn elipbiýiniň esasynda, umumy elipbiýi kabul etdiler. Bu ädime ýumşak güýçleriň ösmegi we türki dünýäsindäki Türkiýäniň täsiriniň alamaty hökmünde garamak mümkin diýip, Öztarsu ynam edýär.

"Türkestan" adalgasy bu sebitde täsirleri bolan Moskwada, Tähranda we Pekinde ynjalyksyzlyk döretmegi mümkin. Awtoryň bellemegine görä, 12-nji oktýabrda Orsýetiň we Eýranyň Türkmenistan bilen Aşgabatda geçiren duýdansyz forumy tötänlik däl bolsa gerek, bu olaryň Türkiýäniň hereketine jogaby diýip, awtor belleýär.

«Gazagystan we Özbegistan gitdigiçe Russiýadan daşlaşyp, türk dünýäsi bilen has ýakyn gatnaşyklara tarap hereket edýär. Özüni sebitiň öňdebaryjy medeniýet we syýasy hyzmatdaşy hökmünde goýup, Türkiýe Merkezi Aziýanyň geljegini şekillendirmekde, öz ornuny pugtalandyrmaga taýýar» diýip, Mehmet Fatih Öztarsu nygtaýar.

Gadyrly okyjy, siz Telegram we WhatsApp tilsimleriniň messenjerleri arkaly Azatlyk Radiosy bilen howpsuz ýagdaýda habarlaşyp bilersiňiz. Telefon belgileri: +420 724 168 989 we +420 773 797 383.

Türkmenistanda VPN ulgamlary arkaly işleýär. Siz şu meýl: azathabar@derweze.net we sep arkaly biziň mugt Psiphon3 VPNulgamymyzy Android ulgamlary üçin ýükläp bilersiňiz. Azatlyk Radiosy siziň şahsyýetiňiziň doly gizlinligini kepillendirýär.