Merkezi Aziýa adam hukuklaryny düýpli bozýandygyna garamazdan, "Talyban" bilen gatnaşyklaryny pugtalandyrýar

Howpsuzlyk işgärleri "Talybanyň" häkimiýete gelmeginiň üçünji ýyl dönümi mynasybetli geçirilen harby ýörişe gatnaşýarlar. Bagram howa menzili, 2024-nji ýylyň 14-nji awgusty

Merkezi Aziýa döwletleri adam hukuklarynyň aýylganç bozulmalary sebäpli halkara jemgyýetçiligi tarapyndan ýazgarylýandygyna garamazdan, Owganystanda höküm sürýän "Talyban" bilen gatnaşyklaryny pugtalandyrýarlar. Goňşy ýurtlar "Talyban" hökümetini resmi taýdan ykrar etmeseler-de, olaryň käbiri bu topary terror guramalarynyň sanawyndan çykaryp, režim bilen uly hyzmatdaşlyk şertnamalaryna gol çekdiler.

Merkezi Aziýa ýurtlary "Talyban" hereketi tarapyndan dolandyrylýan günorta goňşusy Owganystan bilen gatnaşyklaryny giňeltmek üçin ädim ädýärler. „Talybanyň” barha-beter çäklendiriji syýasatyna, hususan-da aýallaryň hukuklarynyň bozulmalaryna seretmeýärler.

Şu aýyň başynda Gyrgyzystan "Talybany" terror guramalarynyň sanawyndan aýyrdy, Türkmenistan bolsa iri gaz geçiriji taslamanyň üstünde, Owganystan bilen hyzmatdaşlygyny dowam etdirdi. Özbegistanyň premýer-ministri şu ýylyň awgustynda Owganystana eden saparynyň çäginde, Kabul bilen 2,5 milliard dollarlyk hyzmatdaşlyk şertnamalaryna gol çekişdi.

Gyrgyzystanyň Daşary işler ministri Jeenbek Kulubaýew 6-njy sentýabrda bu çäräniň "sebitde durnuklylygyň üpjün edilmegine we häzirki dowam edýän gepleşikleriň mundan beýläk-de ösdürilmegine" gönükdirilendigini aýtdy.

11-nji sentýabrda Türkmenistanyň we “Talybanyň” resmileri Türkmenistan–Owganystan – Pakistan – Hindistan (TOPH) gaz geçirijisiniň taslamasynyň ýaňadan diklenişi mynasybetli dabara çärelerini geçirdiler. Bu taslama Türkmenistandan Günorta Aziýa her ýylda 33 milliard kub metre çenli tebigy gaz akdyrmaga niýetlenýär.

Türkmen serhedindäki Serhetabat şäherinde geçirilen dabara ozalky prezident, häzirki wagtda örän täsirli Halk Maslahatynyň başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow gatnaşdy. Owganystanyň delegasiýasyna bolsa BMG-niň sanksiýa sanawynda durýan “Talyban” ýolbaşçylygyndaky owgan hökümetiniň başlygynyň wezipesini ýerine ýetiriji Molla Mohammad Hasan Ahund ýolbaşçylyk etdi.

"Talyban" hökümetinde premýer-ministriň wezipesini ýerine ýetirýän Molla Mohammad Hasan Ahund hem-de Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow TOPH gaz geçirijisiniň gurluşygyny dowam etdirmek dabarasynda, Türkmenistan, 2024-nji ýylyň 11-nji sentýabry

Türkmenistanyň prezidenti Serdar Berdimuhamedow bu dabaralara wideo aragatnaşyk arkaly gatnaşdy.

TOPH taslamasynyň takmynan bahasy 10 milliard dollara barabardyr. Ol baryp 1990-njy ýyllarda taýýarlanylsa-da, Owganystandaky uruş we durnuksyzlyk sebäpli ýerine ýetirilmegi we gaýta-gaýta soňa goýuldy.

Türkmenistan uzynlygy 1800 kilometrlik gaz geçirijisi häzirki wagtda pul ýetmezçiliginden kösenýän Aşgabat üçin, nagt girdejiniň möhüm çeşmesine öwrüler diýip umyt edýär.

Owganystan mundan her ýyl 500 million dollara golaý tranzit töleglerini alyp biler. Bu bolsa onuň býujetine çynlakaý kömek eder.

Emma Günbataryň "Talyban" administrasiýasyna garşy sanksiýalary we Kabul hökümetiniň resmi taýdan ykrar edilmezligi sebäpli TOPH taslamasynyň geljegi şübheli bolup galýar. Bu bolsa taslamanyň maliýeleşdirilmegine we maýa goýumlaryna päsgel berip biler.

Dünýäde hiç bir ýurt "Talyban" hökümetini resmi taýdan ykrar etmän gelýär.

ÝOKARY DEREJEDÄKI SAPAR

Awgust aýynda Özbegistanyň premýer-ministri Abdulla Aripow Kabula resmi sapar bilen bardy. Munuň özi "Talyban" üç ýyl mundan ozal häkimiýete geleninden bäri daşary ýurt hökümet resmisiniň iň ýokary derejeli sapary boldy.

Saparyň dowamynda Özbegistanyň we "Talybanyň" wekilleriniň energetika, oba hojalyk we senagat pudaklarynda 2,5 milliard amerikan dollaryna golaý maýa goýum we söwda şertnamalaryna gol çekendigi habar berilýär.

“Talyban” hökümetiniň daşary işler ministri Amir Han Mutaki Özbegistanyň premýer-ministri Abdulla Aripow bilen duşuşygyň çäginde. Kabul, 2024-nji ýylyň 17-nji awgusty

2023-nji ýylyň awgustynda Owganystan bilen Gazagystan ikitaraplaýyn söwda-haryt dolanyşygyny 3 milliard dollara ýetirjekdiklerini habar berdiler.

Merkezi Aziýanyň iň uly ykdysadyýetine eýe bolan Gazagystan sebitde "Talybany" terror guramalarynyň sanawyndan çykaran ilkinji ýurt boldy. Ýurduň Daşary işler ministrligi bu karary 2023-nji ýylyň dekabrynda yglan etdi.

"Talyban" häkimiýete gaýdyp gelenden soň Gazagystan, Gyrgyzystan, Türkmenistan we Özbegistan derrew Kabul bilen aragatnaşygy ýola goýsa-da, Täjigistan Merkezi Aziýada täze owgan häkimiýetlerine garşy berk tutum alyp baran ýeke-täk ýurt boldy.

HAKYKATY KABUL EDÝÄRLER”

Duşenbäniň durumyna esasan Owganystanda ýaşaýan etniki täjikler bilen bagly etniki, dil we taryhy gatnaşyklar sebäp bolýar. Olar esasan puştunlaryň gol astyndaky "Talybana" garşy çykýarlar.

Emma indi Täjigistan hem "Talybana" garşy alyp barýan syýasatyny ýumşadýan ýaly görünýär. Täjigistanyň ekspertleri muňa "hakykaty kabul edýärler" diýdiler.

Täjigistan Kabula elektrik energiýasyny eksport edýär. Şeýle hem serhet şäherlerinde birnäçe bazary açdy. Ol ýerde iki tarapyň hem söwdagärleri haryt satýarlar. Şeýle-de, hökümetleriň Owganystanyň territoriýasyndan Täjigistana garşy hüjüm guraýan jeňçilere garşy göreşde hyzmatdaşlyk barada, pikir alşylýandygy habar berilýär.

Täjigistan bilen Owganystanyň serhedindäki bazar

Duşenbe bilen Kabuly Täjigistandan söweşijileri özüne çekýän "Yslam döwleti – Horasan" terror toparyny ýeňmek meselesinde umumy bähbit birleşdirýär.

Owganystanyň habar beriş serişdeleri awgust aýynyň ahyrynda, Täjigistanyň Milli howpsuzlyk boýunça döwlet komitetiniň ýolbaşçysy Saýmuddin Ýatimowyň "Talybanyň" razwedkasynyň başlygy Abdul Hak Wasik bilen duşuşandygyny habar berdiler. Bu habarlary Täjigistanyň häkimiýetleri ne tassykladylar, ne-de inkär etdiler.

Adynyň tutulmagyny islemeýän täjik eksperti Azatlyk Radiosyna "Täjigistanyň Owganystan bilen uzak araçäkleşýändigi, terrorçylykly hüjümleriň howpy we ykdysady bähbitleri göz öňünde tutup, täjik häkimiýetleriniň "Talyban" bilen geosyýasy hyzmatdaşlyga gitmekden başga çäresiniň ýokdugyny" aýtdy.

Käbir bilermenleriň tassyklamagyna görä, Duşenbäniň "Talyban" hökümetine bolan garaýşynyň üýtgetmegine Hytaý we Gazagystan belli derejede täsir edipdir.

Almatyda iýun aýynda geçirilen Kollektiwleýin Howpsuzlyk Şertnamasy Guramasynyň ýokary wezipeli resmilerine ýüzlenip, Gazagystanyň prezidenti Kasym-Žomart Tokaýew "Talybany” “uzak möhletleýin faktor" diýip atlandyryp, "häzirki Owganystan bilen söwda-ykdysady hyzmatdaşlygy ösdürmegiň wajypdygyny" nygtady.

Gadyrly okyjy, siz Telegram we WhatsApp tilsimleriniň messenjerleri arkaly Azatlyk Radiosy bilen howpsuz ýagdaýda habarlaşyp bilersiňiz. Telefon belgileri: +420 724 168 989 we +420 773 797 383.

Türkmenistanda VPN ulgamlary arkaly işleýär. Siz şu meýl: azathabar@derweze.net we sep arkaly biziň mugt Psiphon3 VPN ulgamymyzy Android ulgamlary üçin ýükläp bilersiňiz. Azatlyk Radiosy siziň şahsyýetiňiziň doly gizlinligini kepillendirýär.