"Men Stambula oturan garra seretmäge gidip, jynsy zorlugyň guluna öwrüldim”. WIDEO

Illýustrasiýa suraty

Gyrgyzystanyň Oş şäherinden bolan Diana atly 26 ýaşly zenan ýalançylaryň sözüne ynanyp, Türkiýede jynsy gulçulyga düşýär. Ol öz başdan geçirenlerini "Migrant.Media" proýektiniň žurnalistlerine gürrüň berdi.

Diananyň aýtmagyna görä, bar zat Şahzoda atly tanşynyň oňa daşary ýurtda bir garry aýala hyzmat etmäge gidip, gowy pul gazanmagy teklip etmegi bilen başlanypdyr.

«Ol maňa: “Näme üçin sen iki çaga bilen işsiz oturýarsyň? Gel, Stambula gideli, pul gazanarsyň, jaý satyn alarsyň” diýdi. Men oňa bilimim ýok diýdim we öň hiç ýerde düýpli işlemedigimi aýtdym. Emma Şahzoda maňa Mawlýudanyň telefon salgysyny berdi. Ol maňa üç aýyň dowamynda jaň edip durdy. Stambula çagyrdy hem ol maňa gowy iş tapyp berjegini, gowy gazanç etjekdigimi ynandyrdy» diýip, Diana gürrüň berýär.

Diana Stambul şäherine uçmazdan öň, 8 müň türk lirasy (300 dollar) aýlyk haky wada berlendigini aýdýar: Oşda bilimsiz ýaşap oturan aýal üçin, ol gowy puldy. Ýöne Stambula baranyndan birnäçe gün geçenden soň, hiç bir garra hyzmat etmejekdigi aýan bolýar: onuň elinden dokumentlerini alýarlar.

«Biz Kumkapy diýilýän ýere geldik, ol Stambulyň bir etraby. Ol iki günläp iş barada hiç zat aýtmady, hatda meni şähere alyp gitdi. Ýöne üçünji gün säher bilen oýananymda, sumkamdan pasportymy tapmadym, Meniň dokumentlerim nirede diýip sorap başladym. Onuň kimdedigini, yzyna gaýtaryp berilmegini talap etdim. Umida meniň dokumentlerimi alandygyny boýun aldy hem muny Mawlýudadan gowy pula satyn alandygyny aýtdy» diýip, Diana gürrüňini dowam etdirýär.

«Ol meniň şol puly gazanmalydygymy talap edip başlady. Ol nädip "gazanmaly?" diýip haýran galdym. Men bir garra seretmek üçin gelipdim diýýän. Soňra otaga iki adam gelip, meni bogup başladylar. Puly gazanmasam, meni öldürjek diýip gorkuzdylar. Meniň jesedimi hiç kimiň tapyp bilmejekdigini aýtdylar».

Takmynan bir hepdeden soň, Diana gaçmagy başarypdyr: oňa bir nätanyş adam kömek edipdir. Gyz polisiýa ýüz tutýar. Biraz wagtdan Stambuldaky Gyrgyzystanyň konsullygynyň işgärleri oňa watanyna dolanmaga kömek edýär. Indi onuň diňe bir islegi bar: ony bu işlere çekenleriň jezalandyrylmagy. Diananyň hossarlary arza bilen ýerli milisiýa bölümine ýüz tutup, ony jynsy gulçulyga satanlara garşy adalatly höküm çykarylmagyny talap etdiler. Emma kanun goraýjy edaralar bu iş boýunça jenaýat işini gozgamady.

"Deslapky barlagyň barşynda, arzada görkezilişi ýaly, ony jynsy gulçulyga satandygy aýdylýan, ady arzada görkezilýän graždanyň hereketinde, jenaýat işiniň ýekeje-de subutnamasy tapylmady. Jenaýat işini açmak saklanyldy. Materiallar gözden geçirmek üçin, etrap prokuraturasyna iberildi" diýip, Oş oblastynyň Içeri işler bölüminiň metbugat sekretary Nur-Peri Abdullaýewa mälim etdi.

Diana bilen adamsynyň iki çagasy bar. Adamsy onuň jynsy gulçulykda bolandygyny bilip, aýaly bilen aýrylyşjakdygyny aýdýar.

«Ärim Moskwada işleýär. Ol eýýäm maňa jaň etmegini bes etdi. Men özümem onuň gözüne seretmekden utanýaryn. Maňa hatda çagalarymyň ýüzüne seretmegem utanç! Näme üçin men şeýle ýagdaýa düşdüm? Ýanýoldaşym meni bagyşlamajakdygyny, aýrylyşjakdygyny aýtdy. Belki-de, çagalary özüne aljakdygyny aýdýar" diýip, Diana ýagdaýyny düşündirýär.

Diananyň ýagdaýy onuň hossarlarynda alada döredýär.

«Men ony hiç haçan şeýle ýagdaýda görmändim. Ol biziň iň kiçimiz, hemişe şadyýandy. Ol indi şeýle ýaramaz ruhy ýagdaýda. Ol hatda menden egin-eşigini aeroporta getirmegimi haýyş etdi, sebäbi hossarlarynyň öňünde şeýle edepsiz eşikde görünmäge utandy!» diýip, Diananyň aýal dogany Alina gürrüň berýär.

Gadyrly okyjy, siz Telegram we WhatsApp tilsimleriniň messenjerleri arkaly Azatlyk Radiosy bilen howpsuz ýagdaýda habarlaşyp bilersiňiz. Telefon belgileri: +420 724 168 989 we +420 773 797 383.

Türkmenistanda VPN ulgamlary arkaly işleýär. Siz şu meýl: azathabar@derweze.net we sep arkaly biziň mugt Psiphon3 VPN ulgamymyzy Android ulgamlary üçin ýükläp bilersiňiz. Azatlyk Radiosy siziň şahsyýetiňiziň gizlinligini doly kepillendirýär.