“Memorial” Nawalnynyň aklawçylaryny “syýasy tussaglar” hökmünde ykrar etdi

Aklawçy Wadim Kobzew Moskwadaky suduň zalynda. 13-nji oktýabr, 2023 ý.

Adam hukuklary boýunça “Memorial” topary Kremliň tankytçysy Alekseý Nawalnynyň üç aklawçysyny, ýagny Wadim Kobzewy, Igor Sergunini we Alekseý Lipsteri syýasy tussaglar hökmünde ykrar etdi.

Topar olaryň “müşderileriniň bähbitlerine wekilçilik etmek boýunça, özleriniň kanuny professional wezipe borçlary bilen ilteşikli jezalandyrylýandygyny” belledi.

Gürrüňi gidýän aklawçylar geçen aý tussaglyga ýerleşdirildi.

Olara Nawalny we onuň korrupsiýa garşy fondy bilen gatnaşyklary üçin, hamala, ekstremistiki jemgyýete dahylly bolmakda aýyplama bildirildi.