Meksika Ukrainanyň Putini tussag etmek haýyşyny ret etdi

Meksikanyň prezidenti Andres Manuel Lopez Obrador

Meksikanyň prezidenti Andres Manuel Lopez Obrador, rus prezidenti Wladmir Putin 1-nji oktýabrda täze saýlanan prezident Klaudia Şeinbaumyň innagurasiýa dabarasyna gelse, onda ony tussag etmek baradaky Ukrainanyň haýyşyny ret etdi.

“Biz muny edip bilmeris. Bu bize bagly däl” diýip, Lobrador 8-nji awgustda geçirilen metbugat ýygnagynda aýtdy.

7-nji awgustda Ukrainanyň Meksikadaky ilçihanasy, “Meksikanyň Putini tussag etmek baradaky çykarylan halkara ordere ygrarly boljakdygyna, Kiýewiň ynamlydygyny” aýdyp, beýanat ýaýratdy. Ilçihana Halkara Jenaýat Sudunyň 2023-nji ýylyň martynda, amal edilendigi öýdülýän uruş jenaýatlary bilen baglylykda çykaran orderini göz öňünde tutdy.