Mekdebe çenli çagalar edaralarynda et we süýt önümleriniň çagalara berilmegi togtadyldy – Balkan

Illýustrasiýa suraty.

Balkan welaýatynyň döwlet eýeçiligindäki mekdebe çenli çagalar edaralarynda we başlangyç synplarda körpelere etli naharlaryň berilmegi bes edildi. Azatlyk Radiosynyň çeşmeleri bu talabyň ýerli saglyk müdirliginiň görkezmesi bilen ýerine ýetirilýändigini aýdýarlar.

“Welaýat saglyk müdirligi hem-de Döwlet arassaçylyk we keselleriň ýaýramagyna garşy göreşmek gullugy 18-nji noýabrda Türkmenbaşynyň etrap Bilim müdirligine dilden görkezme berip, möwsümleýin wiruslar we weterinariýa çäreleri kadalaşýança et we süýt önümleriniň çagalara berilmegini gadagan etdiler” diýip, çeşmeler aýdýar.

Degişli maglumat Aşgabadyň çagalar baglarynda körpeleriň ene-atasyndan ýorgan-düşek soralýar

Bu ýagdaý saglyk edaralary tarapyndan soňky aýlarda mallaryň we guşlaryň köpçülikleýin heläk bolmagy bilen düşündirilýär.

Azatlyk Radiosy çagalar baglarynda we başlangyç mekdeplerde et we süýt önümleriniň gadagan edilmegi boýunça ýerli häkimiýetlerden resmi teswir alyp bilmeýär.

Bu habarlar Türkmenistanda soňky aýlarda köpçülikleýin mal ölümleriniň hasaba alynýan wagtyna gabat gelýär.

Ýatlasak, Azatlyk Radiosynyň habarçylary we çeşmeleri noýabryň ortalarynda ýurduň dürli sebitlerinde şeýle hadysalaryň has-da ýygjamlaşandygyny habar berdiler. Redaksiýamyza gelip gowşan bir sosial media wideosy şeýle heläkçilikleriň gerimini açyp görkezdi. Türkmenistanda düşürilen wideoda köpçülikleýin haram ölen mallaryň maslyklarynyň üýşmeklerini görmek bolýar.

Azatlyk Radiosy günbatar welaýatyň bilim we terbiýeçilik edaralarynda et önümleriniň gadagan edilmegi bilen Türkmenistanda köpçülikleýin mal ölümleriniň hasaba alynmagynyň arasyndaky baglanyşygy ýerli resmilere tassykladyp bilmeýär.

Ýöne ýerli saglyk edaralary Azatlyk Radiosynda 15-nji noýabrda şeýle habarlaryň wideo bilen bilelikde çap edilmeginden üç gün soň, bilim edaralaryna degişli görkezmeleri beripdirler.

Wideonyň awtory şonda daşyna haýat aýlanan bir mal ýatagynda esasan goýun we geçilerden ybarat 500 çemesi malyň haram ölendigini aýtdy.

Awgustyň ortalarynda Balkan welaýatynyň 10-a golaý obasynda, sentýabrda Lebap welaýatynyň dört etrabynda – Çärjew, Saýat, Dänew we Hojambaz etraplarynda – mallar köpçülikleýin gyrlyp başlady.

Ýurduň günorta-gündogar sebitiniň öri meýdanlarynda hem şeýle hadysalar bolup geçdi. Soňky sapar noýabr aýynda sebitdäki habarçylarymyz we çeşmelerimiz Mary welaýatynyň Türkmengala we Ýolöten etraplarynyň öri meýdanlaryndaky köpçülikleýin mal ölümleri barada habar berdiler.

“Balkan welaýatynyň bilim we terbiýeçilik edaralarynda çagalara kösükli dänelerden taýýarlanan naharlary, çeçewisa, ýagny merjimek, greçka, gaýnadylan tüwi ýaly önümleri bermek talap edilýär. Köp çaga şeýle naharlardan ýüz öwürýär, iýip bilmeýärler, halamaýarlar. Ýöne şonda-da, çagalara şeýle önümler gaýnadylyp berilýär” diýip, bir balkanly ýaşaýjy aýtdy.

Bu aralykda, çagalar baglarynyň tölegleri, şol sanda nahar tölegleri käbir hojalyklara agram salýar.

Degişli maglumat Lebaply ene-atalar çagalar baglarynyň iýmit üpjünçiliginden şikaýat edýärler

“Çagalar bagynyň bir aýlyk okuw tölegi 80 manat, nahar üçin aýlyk tölegi 200 manat. Çagalar baglaryndaky körpeleriň ene-atalarynyň tas 50 göterimi şeýle tölegleriň hötdesinden gelip bilmeýär” diýip, balkanly ýaşaýjylar aýdýar.

“Nahar töleglerini töläp bilmeýän ene-atalaryň çagalary aşhana alnyp gidilmeýär, olar synp otaglarynda galdyrylýar, diňe naharyň tölegini tölän ene-atalaryň çagalary aşhana alnyp gidilýär. Bu bolsa, okuwçylaryň psihologiýasyna ýaramaz täsir edýär” diýip, olar aýdýar.

Türkmenistanda 1-6 ýaş aralygyndaky çagalar mekdebe çenli çagalar edaralarynda terbiýelenýär.

BMG-niň ilat gaznasynyň we BMG-niň çagalar gaznasynyň Türkmenistanyň Statistika baradaky döwlet komiteti bilen bilelikde 2020-nji ýylyň iýunynda çap eden hasabatyna görä, Türkmenistanda 3-5 ýaş aralygyndaky çagalaryň 40 göterimi çagalar bagyna gatnaýar.

Türkmenistanda çagalar baglarynyň tölegleri 2017-nji ýylda birden 10 esse ýokarladylyp, 80 manada çykaryldy. Şonda bu bahalar ene-atalaryň arasynda nägilelige ýol açypdy.

Şeýle-de, Türkmenistanda çagalaryň başlangyç mekdeplere kabul edilmegi üçin, azyndan bir ýyl möhlet bilen mekdebe çenli çagalar edaralarynda, ýa-da beýleki käbir bilim edaralarynda okadylmagy talap edilýär.

Gadyrly okyjy, siz Telegram we WhatsApp tilsimleriniň messenjerleri arkaly Azatlyk Radiosy bilen howpsuz ýagdaýda habarlaşyp bilersiňiz. Telefon belgileri: +420 724 168 989 we +420 773 797 383.

Türkmenistanda VPN ulgamlary arkaly işleýär. Siz şu meýl: azathabar@derweze.net we sep arkaly biziň mugt Psiphon3 VPN ulgamymyzy Android ulgamlary üçin ýükläp bilersiňiz. Azatlyk Radiosy siziň şahsyýetiňiziň doly gizlinligini kepillendirýär.