Mejbury pagta ýygymy ýene batlanýar

Illýustrasiýa suraty

Iki hepde töweregi dowam eden säginmeden soň, häkimiýetler sebitlerde býujet işgärlerini mejbury pagta ýygym möwsümine çekmek işlerini ýene güýçlendirýärler. Bu barada Azatlyk Radiosynyň habarçylary 1-nji oktýabrda Lebap welaýatyndan habar berdi.

Ýatlasak, Lebap welaýatynyň sebit merkezinde häkimiýetler 15-nji sentýabrda ýygnak geçirip, býujet işgärlerini ýygym işlerinden boşatmak barada karar kabul edipdiler. Şeýlelikde, köp sanly döwlet edara-kärhanalarynyň işgärleri, şol sanda lukmançylyk edaralary, aragatnaşyk kärhanalary we beýlekiler pagta möwsüminden boşadylypdy. Muňa garamazdan, mugallymlary ýygym işlerine çekmeklik dowam etdirilipdi.

15-nji sentýabr gabatlary Mary welaýatynyň häkimliginde hem ýygnak geçirilip, talyplary we býujet işgärlerini, şol sanda mugallymlary, çagalar baglarynyň terbiýeçilerini pagta ýygymyna äkitmezlik we olardan ýygym mynasybetli pul toplamazlyk barada kararlaryň kabul edilendigi mälim bolupdy.

Şonda Azatlyk Radiosynyň sebitlerdäki habarçylary bilen gürrüňdeş bolan köp sanly býujet işgärleri Garaşsyzlyk baýramanyň öňüsyrasynda häkimiýetler tarapyndan yglan edilen täzelikleri hoşallyk bilen kabul edip, şol bir wagtda bu ýagdaýyň wagtlaýyn bolmak ähtimallygyna alada beýan edipdiler.

Degişli maglumat Lebapda käbir býujetçiler pagta ýygymyndan boşadylsa-da, mugallymlar henizem mejbur edilýär

Şeýlelikde, mejbury pagta ýygym möwsümi sebitlerde köp sanly raýatlar üçin sähel pursat hem bolsa sägindi.

Bu aralykda, Türkmenistanda 27-nji sentýabrda Garaşsyzlyk güni bellenilip geçildi.

“28-nji sentýabrdan başlap, býujet işgärleri ýene-de köpçülikleýin pagta ýygymyna alnyp gidilip başlandy” diýip, habarçymyz ýekşenbe güni Lebap welaýatyndan maglumat berdi.

Häkimiýetler mejbury zähmetiň wagtlaýyn bes edilmegi boýunça iki hepdelik arakesmäni yglan edenlerinde ýurduň gowaça meýdanlarynda raýatlaryň mejbury zähmetinden peýdalanylýandygyny resmi beýanatlar bilen boýun almadylar.

Ýöne ýurduň sebitlerinde mejbury zähmetiň wagtlaýyn bes edilmeginiň Halkara zähmet guramasynyň hem-de ABŞ-nyň Zähmet departamentiniň wekilleriniň Türkmenistana amala aşyrmagy meýilleşdirýän saparlary bilen ilteşikli bolmagynyň mümkindigi bellenildi.

Ýöne şu günler ýurduň gündogar sebitinde raýatlaryň mejbury ýygym işlerine çekilmegi gaýtadan güýçlenýär.

“Pagta ýygymy 28-nji sentýabrdan başlap, öňküsinden-de güýçlendi. Hepdäniň dowamynda işgärleriň 30 göterimi pagta ýygymyna çekilýär. Hepdäniň ahyrynda, şenbe we ýekşenbe günleri edara-kärhanalaryň işgärleriniň ählisi, 100 göterimi pagta ýygymyna hökmany suratda gidäýmeli” diýip, bir býujet işgäri Azatlyk Radiosynyň habarçysyna gürrüň berdi.

Edara-kärhanalaryň ýolbaşçylary pagta meýdanlaryna baryp, öz işgärlerine gözegçilik edýärler.

Degişli maglumat Azatlygyň mejbury ýygym baradaky maglumatlarynyň yz ýany, Maryda býujetçileriň we talyplaryň bu işlere çekilmegi ýatyryldy

Türkmenistanyň hökümeti ýyllar boýy ynsan hukuklaryny goraýjy halkara guramalar tarapyndan pagtaçylyk pudagynda mejbury zähmetden peýdalanmakda tankyt edilýär.

Resmiler mejbury zähmet boýunça beýan edilýän aladalara reaksiýa görkezmeýärler.

Şu ýyl Türkmenistan boýunça 580 müň gektar meýdana ekilen gowaçadan 1 million 250 müň tonna pagta hasylyny ýygnamak göz öňünde tutulýar.

Häkimiýetler Ahal, Balkan, Lebap we Mary welaýatlarynda 9-njy sentýabrda, Daşoguz welaýatynda 15-nji sentýabrda ýygym möwsümine resmi taýdan girişdiler.

Pagta möwsümine badalga berilmeginiň yz ýany, Azatlyk Radiosynyň habarçylary şu ýyl mejbury pagta ýygymynyň ozal görlüp-eşidilmedik derejede möwjeýändigini habar berdiler. Balkan welaýatynyň käbir sebitlerinde ýygym möwsümi bilen baglylykda hatda maşgala çärelerini, şol sanda toýlary we sadakalary geçirmeklik hem dilden gadagan edilipdi.

Degişli maglumat Türkmenistanda mejbury pagta ýygymy ozal görlüp-eşidilmedik derejede ‘möwjeýär’

Gadyrly okyjy, siz Telegram we WhatsApp tilsimleriniň messenjerleri arkaly Azatlyk Radiosy bilen howpsuz ýagdaýda habarlaşyp bilersiňiz. Telefon belgileri: +420 724 168 989 we +420 773 797 383.

Türkmenistanda VPN ulgamlary arkaly işleýär. Siz şu meýl: azathabar@derweze.net we sep arkaly biziň mugt Psiphon3 VPNulgamymyzy Android ulgamlary üçin ýükläp bilersiňiz. Azatlyk Radiosy siziň şahsyýetiňiziň doly gizlinligini kepillendirýär.