Medisina boýunça Nobel baýragy ABŞ-ly alymlar Ambrosa we Ruskuna berildi

Saglyk boýunça şu ýylky Nobel baýragy ABŞ-ly alymlar Wiktor Ambrosa we Gary Ruwkuna berildi.

Psihologiýa ýa-da Saglyk boýunça şu ýylky Nobel baýragy ABŞ-ly alymlar Wiktor Ambrosa we Gary Ruwkuna berildi. Bu abraýly baýrak olaryň mirkoRNA we olaryň genlary dolandyrmakdaky roly boýunça eden açyşlary üçin berildi diýip, 7-nji oktýabrda mälim edildi.

Medisina boýunça Nobel baýragynyň ýeňijilerini Şwesiýanyň Karolinska medisina instituty saýlaýar. Ýeňijilere 11 million şwed krony ($1.1 million) möçberinde pul baýragy hem gowşurylýar.

Her ýyl adat bolşy ýaly, Nobel baýraklarynyň arasynda birinjilik bilen medisina ugrunyň ýeňijileri mälim edildi.

Dinamiti oýlap tapan şwesiýaly alym we telekeçi Alfred Nobel bu baýragy 1901-nji ýylda esaslandyrypdy. Şondan bäri ol her ýyl ylymda, edebiýatda we parahatçylyk ugrundaky tagallalarda öňde saýlanan şahslara berilýär. Baýragyň ykdysady ugry soň goşuldy.