Media topary Baýdene AÝ/AR-nyň žurnalisti Kurmaşewany “ýalňyşlyk bilen tussag edilen” diýip ykrar etmäge çagyrdy

Žurnalist Alsu Kurmaşewa suduň zalynda. Kazan. 31-nji maý.

Amerikan žurnalistleriniň professional assosasiýasy – Birleşen Ştatlaryň Milli Metbugat Kluby we başga-da 18 sany media azatlyk topary prezident Jo Baýdene açyk hat ýollap, onda Russiýada geçen ýyldan bäri tussaglykda saklanýan Azat Ýewropa/Azatlyk Radiosynyň žurnalisti Alsu Kurmaşewany “ýalňyşlyk bilen tussag edilen” hökmünde kesgitlenilmegi ugrunda basyş etmäge çagyrdylar.

Pragada ýaşan žurnalist, we ABŞ-Russiýa goşa raýatlygyna eýe bolan Kurmaşewa 2023-nji ýylyň 18-nji oktýabrynda tussag edilipdi. Oňa “daşary ýurt agentleri” diýilýän kanuny bozmakda, Russiýanyň armiýasy barada ýalan maglumat ýaýratmakda aýyplama bildirilýär. Bularyň netijesinde oňa 10 ýyla çenli türme tussaglygy berlip bilner.

Kurmaşewa, onuň iş berijisi we goldawçylary bu aýyplamalaryň syýasy matlaplydygyny aýdyp, olary ret edýärler.

Ýöne Döwlet departamenti häzire çenli ony “ýalňyşlyk bilen tussag edilen” hökmünde ykrar etmedi. Bu amal edilse, onuň işiniň möhümliligini artdyrar.