26-njy awgustda 60 töweregi media we hukuk toparlary Ýewropa Bileleşiginden, Ysraýylyň Gazada “žurnalistleri gyrýandygyny” aýdyp, onuň bilen hyzmatdaşlyk şertnamasyny togtatmaga we oňa garşy sanksiýalary girizmäge çagyrdylar.
Bu baradaky çagyryş Ýewropa Bileleşiginiň daşary işler ministrleriniň Brýusseldäki duşuşygynyň öň ýanynda edildi.
Beýanatda 7-nji oktýabrdan bäri Gazada Ysraýylyň güýçleri tarapyndan 130-den hem aşa palestin žurnalistiniň we media hünärmeniniň öldürilendigi bellenilýär.
“Žurnalistleriň bilkastlaýyndan ýa-da parh berilmezden nyşana alynmagy we öldürilmegi uruş jenaýatydyr” diýip, beýanatda nygtalýar.