Türkmenistanda hökümete ýakyn habarlary bilen tanalýan elektron neşirler daşary ýurtlarda bolup geçýän käbir negatiw wakalara ýüzleý hem bolsa has ýygy-ýygydan ünsi çekip başladylar. Bu habarlar, synçylara görä, Türkmenistanyň resmi propagandasynda gije-gündiz gaýtalanýan ‘bagtyýarlyk’ keşbini berkitmäge gönükdirilýär.
Azatlyk Radiosynyň Dünýä Türkmenleri gepleşiginiň nobatdaky sany Türkmenistanyň hökümetçi media giňişligindäki täze meýillere syn etmäge çalyşýar.
Türkmen mediasy daşary ýurtlarda bolup geçýän çaknyşyklar, tolgunyşyklar, köpçülikleýin protestler, ýa-da uruşlar barada dil ýarmaýar.
Ýöne Azatlyk Radiosynyň ýerli synçysy soňky wagtlarda hökümetçi neşirleriň internet sahypalarynda türkmen metbugatynda ozallar agzalmadyk daşary ýurt habarlarynyň çap edilip başlanandygyny aýdýar.
Siziň brauzeriňiz HTML5 formatyny goldamaýar