Eýran metbugaty ýurda goňşy ýurtlardan, şol sanda Türkmenistandan gelýän saglyk syýahatçylarynyň sanynyň barha köpelýändigini habar berýär.
Bu köpeliş ýurduň koranawirus çäklendirmelerini aýyrmagy bilen baglanyşdyrylýar. Habarda bellenmegine görä, Eýran ýylyň başynda uçup gelýän adamlaryň öňünden COVID synaglarynyň netijesini tabşyrmagyny talap etmegini bes etdi.
ISNA habar gullugynyň ýerli resmä, Maşadyň Medisina ylymlary uniwersitetiniň saglyk syýahatçylygy bölüminiň başlygy Dawud Hoş-şekana salgylanyp ýazmagyna görä, Maşadyň medisina syýahatçylygyndan alan girdejisi Täze ýylyň başyndan, ýagny mart aýynyň 21-nden bäri geçen üç aýda 1,119 trillion rial ($2.2 million çemesi) bolup, 35% ösdi.
Ol Maşatda saglyk hyzmatlaryny alan daşary ýurtlularyň bu döwürde 7% köpelendigini, şu ýazda bu şäherde jemi 13,948 daşary ýurtly näsagyň saglyk bejergisini alandygyny aýdýar.
Habarda aýdylmagyna görä, bu döwürde Türkmenistandan gelip, Maşatda saglygyna seretdiren adamlaryň sany 793 adam bolupdyr.
Türkmenistan soňky ýyllarda onlarça döwrebap saglyk merkezlerini gurup, ilata ulanmaga berdi. Emma ýurtda berilýän saglyk hyzmatlarynyň hilinden kanagatlanmaýan ýaşaýjylaryň mümkin bolsa, käte bergi-borja batyp, daşary ýurtlara saglyk syýahatçylygyna çykýandygy habar berilýär.
Türkmen häkimiýetleri bu hili habarlara düşündiriş bermeýär.